OPEC+ awgust aýynda nebit önümçiliginiň çägini günde 188 müň barrel artdyrar

Nebit bazary örän çylşyrymly ulgam bolup, ondaky her bir üýtgeşme umumy deňagramlylyga täsir edýär. Nebit önümçiligi baradaky çözgütler üzňelikde kabul edilmeýär, olar islegiň, teklibiň we geosyýasy töwekgelçilikleriň duýduryşlaryna görä kesgitlenýär. OPEC+ ýene-de özara ylalaşyp, önümçilik syýasatyna düzediş girizmek arkaly öndürijiler bilen sarp edijileriň bähbitleriniň arasynda deňagramlylygy saklamaga, nebit ýetmezçiliginiň ýa-da artykmaçlygynyň öňüni almaga ukyplydygyny görkezýär.
Ýekşenbe güni OPEC+ agza ýurtlary wirtual mejlisiň jemleri boýunça ýaýradylan beýanatda awgust aýynda nebit önümçiliginiň çägini iýul aýyndaky dereje bilen deňeşdirilende günde 188 müň barrel artdyrmak barada berk ylalaşyga gelendiklerini mälim etdiler. Nebit bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki borçnamanyň çäklerinde ýedi gatnaşyjy ýurt 2023-nji ýylyň aprelinde yglan edilen goşmaça meýletin önümçilik çäklendirmeleri bilen deňeşdirilende, günde 188 müň barrel möçberinde önümçiligi düzetmek barada karar kabul etdi. Bu düzediş awgust aýynda amala aşyrylar.
Bu çözgüt dünýä ykdysadyýetindäki näbelliligiň we çig malyň bahalarynyň üýtgäp durmagynyň dowam edýän döwründe kabul edildi. OPEC+ ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklaýar we bazar şertleriniň üýtgemegine görä tiz çäre görmäge bolan hukugyny özünde saklaýar. 2023-nji ýylyň aprel aýynda yglan edilen meýletin önümçilik çäklendirmeleri nebit bahalaryny goldamak maksady bilen girizilipdi. Emma häzirki wagtda bileleşik tomusky möwsümde artýan islegi kanagatlandyrmak üçin önümçiligiň bir bölegini gaýtadan dikeltmegi mümkin hasaplaýar. CCTV+ agentliginiň habar berşi ýaly, soňky parametrler we ýurtlaryň arasynda kwotalaryň paýlanyşy ýakyn günlerde tassyklanar.







