Hytaýyň logistika ulgamy “akylly” tehnologiýalara geçýär

Tehnologiýa asyry mümkin bolmadyk zat bilen hakykatyň arasyndaky serhetleri kem-kemden ýok edýär. Häzirki wagtda logistika diňe ýük daşamak däl, eýsem awtomatlaşdyrma, emeli aň we ýokary takyklygyň utgaşmagyndan ybarat çylşyrymly ulgam hökmünde işleýär. Bu ulgamda her bir bölek umumy mehanizmiň sazlaşykly bir bölegi ýaly hereket edýär. Innowasiýalar diňe bir amallary tizleşdirmän, eýsem geografik päsgelçilikleri hem ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär. Munuň netijesinde daglyk obalardan täze önümler birnäçe sagadyň dowamynda iri şäherlere ýetirilýär.
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Guýçžou welaýatynyň Çžennin etrabynda häzirki wagtda ýerli garalynyň ýygnalýan we satylýan möwsüminiň iň ýokary döwri dowam edýär. Ekspress eltip beriş kompaniýalary miwe öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edip, önümleri gönüden-göni baglara eltip, ol ýerde saýlamak we gaplamak işlerini ýerine ýetirýärler. Dronlar we relsli ulag ulgamyny ulanmak arkaly ýygnamak, saýlamak we göni ibermek işlerini birleşdirýän integrirlenen ulgam döredildi. Bu täze çözgüt ozal bar bolan birnäçe meseläni aradan aýyrýar. Hususan-da, daýhanlaryň daglyk, dik eňňitlerden aşak ýük daşamak kynçylygy, aşa köp agram ýüklenme we önümiň ep-esli böleginiň ýitmegi ýaly ýagdaýlar azalýar.
Şeýle meseleleri — zähmeti köp talap edýän saýlamak işleri we gaýtadan paýlamagyň netijesinde ýüze çykýan gijikdirmeleri çözmek maksady bilen, kompaniýalar “akylly” awtomatlaşdyrylan usulda saýlaýan enjamlaryny ornaşdyrdylar, ýöriteleşdirilen eltip beriş ugurlaryny döretdiler we howa menzilleri bilen göni baglanyşyklary kämilleşdirdiler.
Uçarmansyz ulag serişdeleriniň ornaşdyrylmagy eltip beriş wagtyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berdi, esasan hem oba ýerlerinde we uzakdaky sebitlerde bu täsir has-da aýdyň duýulýar.
Hytaýda häzirki zaman logistika tehnologiýalary örän çalt depginler bilen ösýär. Ýük daşamak üçin uçarmansyz ulag serişdeleri her gün 200-den gowrak şäherde giňden ulanylýar, dronlar bolsa ýylda takmynan 4 million eltip bermek amalyny ýerine ýetirýärler. Uly saýlaýan merkezleriniň köpüsi doly awtomatlaşdyrylan bolup, “akylly” ammarlarda sargytlary takyk ýygnamak üçin basgançakly robotlar we paletleri göçürýän robotlar ulanylýar. Gaplama tamamlanandan soň, ýükleriň agramyny ölçemek, skanirlemek we böleklemek üçin awtomatlaşdyrylan ulgama girýär we ähli amal bary-ýogy 15 minutda tamamlanýar. Elektron ýük hatlary giňden ornaşdyryldy, magistral ulaglaryň 95 göteriminden gowragy bolsa «Beidou» hemra nawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
“CCTV+”-iň habar bermegine görä, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky bu üstünlikler her ýyl netijeliligi ýokarlandyrýar, üstünlikli eltip bermegiň görkezijilerini yzygiderli artrdyrýar we ulanyjylaryň kanagatlanma derejesini gowulandyrýar.







