“Si Szinpiniň diplomatiýa baradaky taglymatynyň” rejelenen görnüşi çap edildi

Noýabr 29, 2025 | 20:05 |62
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


“Si Szinpiniň diplomatiýa baradaky taglymatynyň” täzeden işlenip, rejelenen görnüşi çap edildi.

Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wagyz-nesihat bölüminiň hem-de Daşary işler ministrliginiň bilelikdäki tagallalary netijesinde täzeden işlenip, rejelenen bu ýygyndy 2021-nji ýylda çap edilen neşiriň esasynda taýýarlanandyr.

Bu kitapda Si Szinpiniň täze eýýäm üçin Hytaýyň milli aýratynlyklaryny öz içine alýan sosializm baradaky asyl ýörelgeleri, şeýle hem diplomatiýa ugurdaky soňky özgerişlikler doly beýan edilýär.

Bu ýygyndy Halk neşirýatynyň hem-de Suesi neşirýatynyň hyzmatdaşlyk etmeginde çapa taýýarlanyp, neşir edildi.

Beýleki habarlar