Hytaýly alymlar emeli aňa esaslanýan iri stratigrafik modeli hödürlediler

Iýul 04, 2026 | 19:12 |76
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Wagt adamzadyň çözmäge çalyşýan iň çuňňur syrlarynyň biridir. Ýeriň 4,6 milliard ýyllyk taryhy dag jynslarynyň gatlaklarynda ýazylan bolsa-da, şu wagta çenli bu ýazgylar biri-birinden üzňe ýagdaýda bolup, dürli kitaphanalara dargadylan bir kitabyň sahypalaryny ýatladýardy. Emeli aň ilkinji gezek olary bitewi ulgama birleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, geologik maglumatlaryň çylşyrymly toplumy yzygiderli hronologiýa öwrülýär we tebigatyň özi tarapyndan ýazylan Ýeriň taryhyny bitewi bir eser hökmünde okamaga ýol açýar.


Täze modeliň tanyşdyrylyşy anna güni Szýansu welaýatynyň Suçžou şäherinde 28-nji iýundan 3-nji iýul aralygynda geçirilýän Bäşinji halkara stratigrafiýa kongresinde boldy. Hödürlenen model emeli aňa esaslanýan dünýäde ilkinji iri stratigrafik model boldy. Ol stratigrafik profilleri deňeşdirmek üçin niýetlenen akylly global ulgam ýaly beýleki täze gurallar bilen bilelikde tanyşdyryldy. Bu işläp taýýarlama Ýeriň tutuş ewolýusiýa taryhyny öz içine alýan ählumumy maglumatlar binýadyny hödürleýär.


Stratigrafiýa Ýeriň ewolýusiýa taryhyny düşündirmek üçin düýpli ylmy ugur bolup, ol adamzadyň ýaşaýşyň gelip çykyşyna, tebigy baýlyklaryň paýlanyşyna we howanyň ewolýusiýasyna düşünmegi üçin möhüm ylmy esas bolup hyzmat edýär.


«Biz hronologik şkalanyň we ählumumy uly maglumatlaryň kömegi bilen Ýeriň 4,6 milliard ýyllyk taryhyna degişli ähli geologik ýazgylary bitewi wagt ölçegine laýyklykda ulgamlaşdyrmagy maksat edinýäris. Ozal dürli ýurtlaryň alymlary özbaşdak barlaglary geçirip, biri-birinden üzňe geologik maglumatlary döredýärdiler. Şonuň üçin emeli aň döwründe hytaýly alymlar häzirki wagtda bu ugurda hakykatdan-da öňdebaryjy orny eýeleýärler» diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi we Halkara stratigrafiýa komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Şen Şuçžun aýtdy.


Häzirki güne çenli Hytaý dünýäde iň köp mukdarda — jemi 11 sany Ählumumy araçäk stratotip kesimini we nokadyny (GSSP) ýüze çykardy. GSSP — Halkara hronostratigrafik kartasynda gatlaklaryň aşaky araçäklerini kesgitleýän dag jynslarynyň stratigrafik kesimlerindäki salgylanma nokatlarydyr.


«Geologik taryh birnäçe milliard ýyly öz içine alýar. Şol döwürde ýaşaýşyň we howanyň ewolýusiýasy, şeýle hem dürli iri geologik hadysalaryň emele geliş mehanizmleri ýaly köp sanly wakalar bolup geçdi. Bu wakalar haýsy kanunalaýyklyklara tabyn? Hut şu meseleler häzirki zaman Ýer ekoulgamynyň esasy üns bermeli ugurlarydyr» diýip, Şen sözüniň üstüni ýetirdi.


CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, halkara ylmy jemgyýetçiligi hödürlenen işläp taýýarlama ýokary baha berip, onuň ählumumy geologik barlaglar üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Beýleki habarlar