Taklimakan çölünde adam eli gudrat döredýär

Noýabr 29, 2025 | 19:50 |108
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Sinsian Uýgur awtonom welaýatynda 330 000 inedördül kilometrden gowrak meýdany tutýan Hytaýyň iň uly çöli bolan Taklimakan çölüne ýanaşyk zolaklarynda çölleşmäniň öňüni almakda uly öňegidişlikler gazanyldy. Bu sebitde dünýäde iň uzyn ekologiýa goragy, ýagny çölleşmä garşy 3046 kilometre çenli uzap gidýän gorag zolaklary döredildi.

Sinsianda 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli 914 000 gektardan gowrak meýdanda çölleşmä garşy giň gerimli işler üstünlikli geçirildi. Bu tagallalara ýerli etraplar hem öz goşantlaryny goşdular - Siemo etraby süýşýän çägelere garşy 20 kilometrden gowrak uzalyp gidýän tokaý zolaklaryny döretdi, Baçu etraby ekologiýany dikeltmek usullary arkaly 66 600 gektar meýdanda çölleşmä garşy çäreleri geçirdi.

Çölleşmä garşy göreş çäreleriniň çäginde daşky gurşawy goramak we ykdysady taýdan bähbitli bolan işler üstünlikli alnyp baryldy. Çöllükde ösdürilip ýetişdirilen dürli ösümlikleriň tutýan meýdany häzir 720 000 gektara ýetmek bilen, ol meýdanlar 28,9 milliard ýuan möçberde peýda getirýärler. Mundan başga-da çölleşmä garşy goşmaça işler alnyp barylýar, ýagny Hytaýyň dermanlyk otlary, harytlyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şonuň ýaly-da leňňeç, balyk ýaly suwda ýaşaýan jandarlar üçin 350 gektar meýdanda ykdysady ähmiýetli işler geçirilýär.

Beýleki habarlar