Hemralar awtoulaglar ýaly: Hytaý ýylda 300 hemrany konweýer usulynda öndürýär

Hytaýly hünärmenler topary hemra önümçiligini awtoulag senagatyndaky ýaly konweýer ulgamyna geçirdi. Bu çemeleşme önümçiligi has çalt, has netijeli we has tygşytly etdi. Hemra awtoulag ýaly bir iş bekedinden beýlekisine, bir düwünden indiki düwüne geçirilip ýygnalanda, kosmos indi diňe aýratyn nusgalar üçin niýetlenen ugur bolmagyny bes edýär. Ol doly derejeli senagata öwrülýär. Hu Haýin we onuň topary diňe ýygnama tizligini ýokarlandyrman, eýsem tutuş düşünjäni özgertdi: indi hemralar barlaghanalarda döremeýär, olar konweýerden çykýar. Bu bolsa kosmosa elýeterliligi diňe saýlananlar üçin däl-de, köpçülik üçin mümkin edýän täze eýýamyň başlangyjyny alamatlandyrýar.
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Mikrohemralar innowasion akademiýasynyň direktory Hu Haýin we onuň topary tarapyndan işlenip düzülen täze çemeleşme ýylda 300-e çenli hemrany öndürmäge mümkinçilik berýär. Hu şeýle düşündirdi: «Bu önümçilik dolanyşygyna meňzeýär: hemra bir iş bekedinden beýlekisine geçirilýär. Ähli iş beketlerinden geçenden soň, hemra, esasan, doly öndürilen hasap edilýär».
Hunyň sözlerine görä, iri hemra toparlaryna bolan islegiň artmagy konweýer modeliniň durmuşa geçirilmegini mümkin etdi. «Köp sanly hemralardan ybarat iri toparlary döretmek bilen, biz tebigy ýagdaýda şeýle pikire geldik: muny hem awtoulaglaryň konweýerde öndürilişi ýaly amala aşyryp bolarmy? Şeýle usul has netijeli bolýar».
Topar bu pikiri durmuşa geçirmek üçin köp sanly kynçylyklary ýeňip geçdi. Olar taslamalaşdyrmakdan başlap, ylmy-barlag we tejribe-konstruktor işlerine, önümçilige, synaglara, şeýle hem orbitadaky ulanyşa we tehniki hyzmata çenli ähli prosesi täzeden işläp düzmeli boldular.
Institutyň uly inženeri Fen Szýapen şeýle diýdi: «Direktor Hu ähli tehnologik böküşleri noldan döretmekde bize ýolbaşçylyk edýär. Şonuň üçin her täze hemrany taýýarlamak örän çylşyrymly wezipä öwrülýär».
Hu hem sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: «Elbetde, kynçylyklar bar, ýöne biz olardan gorkmaýarys. Ozal öwrenilmedik ugurlarda we tehnologik näbellilik şertlerinde öňe gitmek bilen, biz ýönekeý bir ýörelgä eýerýäris: partiýanyň agzalary hökmünde ýurt bize mätäç bolanda başlangyç görkezmelidiris we milli strategik zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin bu täze ugurlary özleşdirmelidiris».
Hytaýyň kosmos maksatnamasy öňküsinden has çalt depginde ösýän mahaly, topar bu ösüşe öz goşandyny goşmaga taýýardyr. Hu muny şeýle beýan etdi: «Biziň maksadymyz, hatda deňizde we kosmosda-da, has uzak sebitlerde aragatnaşygy elýeterli etmekdir. Şeýlelikde, has köp adam sanly tehnologiýalaryň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp biler».
Soňky wagta çenli hemralaryň önümçiligi aýratyn nusgalary el bilen ýygnamak görnüşinde alnyp barylýardy. Her bir hemrany ýygnamak üçin birnäçe aý, käwagt bolsa birnäçe ýyl gerek bolýardy. Ilkinji gezek mikrohemralar üçin ulanylan konweýer modeli ýygnama wagtyny birnäçe güne çenli gysgaldýar we çykdajylary birnäçe esse azaldýar. Bu bolsa ählumumy internet, howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek we aragatnaşyk üçin ägirt uly hemra toparlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Pes orbitadaky ulgamlary işjeň ösdürýän Hytaý üçin şeýle çemeleşme strategik artykmaçlyk bolup durýar.
CCTV+ agentliginiň habar berşi ýaly, topar tehnologiýany kämilleşdirmegiň üstünde işini dowam etdirýär. Indiki maksat bolsa ýygnama liniýalaryny doly awtomatlaşdyrmakdyr.







