Hytaý deňiz gatnawlarynda öňdebaryjy: ýük dolanyşygy 15 trillion tonna-kilometre ýetdi

Hytaýda 2025-nji ýylda içerki suw ýollary arkaly ýük dolanyşygy takmynan 15 trillion tonna-kilometre ýetdi. Bu bolsa ýurduň ähli ulag ulgamynyň ýarysyndan gowragyny emele getirýär. Suw ulagynyň köp görkezijileri boýunça Hytaý dünýäde birinji orny eýeleýär. Bu barada sişenbe güni ulag pudagynyň wekili habar berdi.
Derýalar we deňizler diňe geografiki giňişlik däl-de, eýsem ykdysady damarlara öwrülende, ýurt bitewi porta öwrülýär. 15 trillion tonna-kilometr diňe bir san däl. Bu ummanlary kesip geçýän, yklymlary birleşdirýän we senagaty zerur ýükler bilen üpjün edýän ägirt uly ýük akymydyr. Dünýäniň iň iri eksport we import edijisi bolan Hytaý öz suw ulag infrastrukturasyny hiç bir konteýner gijä galmaz, hiç bir gämi boş durmaz ýaly gurýar. Ýurt port görkezijileriniň on esasy ölçeginiň sekizisi boýunça dünýäde öňdäki orny eýelände, bu diňe bir artykmaçlyk däl, eýsem aýdyň agalykdyr.
Ulag ministriniň orunbasary Li Sinhunyň metbugat maslahatynda aýtmagyna görä, 14-nji bäşýyllygyň (2021–2025-nji ýyllar) dowamynda Hytaý 10 müň tonna we ondan ýokary sygymly gämileri kabul edip bilýän 469 täze gämi duralgasyny ulanmaga berdi. Şeýlelikde, şeýle duralgalaryň umumy sany 3061-e ýetdi. Esasan hem, Bohaý aýlagynda, Ýanszy derýasynyň deltasynda we Guandun–Gonkong–Makao Uly aýlag sebitinde dünýä derejesindäki üç port toplumynyň gurluşygy tamamlandy. Mundan başga-da, ýurt 2500 kilometr ýokary hilli suw ýoluny ulanmaga berdi we olaryň umumy uzynlygy 18 500 kilometre ýetdi.
Li Sinhunyň bellemegine görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň halkara deňiz ýük daşamalarynyň möçberi dünýä boýunça umumy deňiz daşamalarynyň üçden bir bölegini emele getirer. Şol ýylda ýurduň portlarynda ýük dolanyşygy 18,3 milliard tonna, konteýner dolanyşygy 354 million TEU, Hytaýyň söwda flotunyň umumy dedweýti bolsa 490 million tonna ýetdi. Bu görkezijileriň ählisi dünýäde iň ýokary hasaplanýar.
2025-nji ýylda ýük dolanyşygy boýunça dünýäniň iň iri on portunyň sekizisi Hytaýda ýerleşdi. Şeýle hem konteýner dolanyşygy boýunça iň iri on portuň altysy Hytaýa degişlidir.
Şol ýylda Hytaýyň portlary demir ýol bilen suw ulagyny utgaşdyrýan intermodal daşamalarda 13,49 million TEU konteýneri gaýtadan işledi. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan iki esse artdy.
2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaý boýunça 60 awtomatlaşdyrylan terminal, şol sanda 30 awtomatlaşdyrylan konteýner terminaly ulanmaga berildi. Bu bolsa dünýäde şeýle terminallaryň 27 göterimine deňdir. Şanhaý we Sindao portlarynyň awtomatlaşdyrylan terminallarynda bir kranyň iň ýokary öndürijiligi sagatda 60-dan gowrak konteýneri gaýtadan işlemäge ýetýär. Bu bolsa portlarda ýük işläp taýýarlamak boýunça dünýäde iň ýokary netijelilik hasaplanýar.
Hytaýyň suw ulag ulgamy diňe derýalar we deňizler bilen çäklenmeýär. Ol akylly dolandyryş ulgamlaryny, awtomatlaşdyrylan kranlary we intermodal logistika merkezlerini hem öz içine alýar. Bohaý aýlagyndaky, Ýanszy deltasyndaky we Uly aýlag sebitindäki dünýä derejesindäki üç port toplumy halkara logistikasynyň esasy merkezlerine öwrülýär. Soňky bäş ýylda demir ýol bilen suw ulagynyň utgaşykly daşamalarynyň takmynan iki esse artmagy Hytaýyň multimodal logistika aýratyn ähmiýet berýändigini görkezýär. Ýurtdaky 60 awtomatlaşdyrylan terminal dünýä bazarynyň 27 göterimini emele getirýär, Şanhaý we Sindao portlaryndaky kranlaryň öndürijiligi bolsa täze rekordlary goýýar. Bularyň ählisi Hytaýy diňe bir dünýäniň iň iri port operatory däl-de, eýsem dünýä logistikasynyň ösüş ugruny kesgitleýän ýurtlaryň birine öwürýär.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, 15-nji bäşýyllygyň dowamynda Hytaý port infrastrukturasyny mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmagy we awtomatlaşdyrylan terminallaryň paýyny artdyrmagy meýilleşdirýär.







