Si Szinpin Belarusyň Prezidenti bilen duşuşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 29-njy iýunda Pekinde Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy.
Si Szinpin Hytaý bilen Belarusyň strategik gatnaşyklary saklamalydygyny, ýokary derejeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowamly we yzygiderli ösüşine ýardam etmelidigini we iki halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmalydygyny nygtady.
Hytaý Belarusyň milli özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we çäk bitewüligini goramakda, şeýle hem milli şertlerine laýyk gelýän ösüş ýoluny dowam etdirmekde ony goldaýar diýip, Si Szinpin Hytaýyň Belarusyň ösüşine ähli mümkin bolan ýardamy bermäge taýýardygyny aýtdy.
Si Szinpin Hytaýyň we Belarusyň birek-birege ynanýan we goldaýan hakyky dostlar, umumy ösüş we abadançylyk üçin göreşýän gowy hyzmatdaşlar hem-de hemmetaraplaýyn we giňişleýin strategik hyzmatdaşlardygyny aýtdy.
Ol halkara dartgynlylygynyň synagyna döz gelip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarda uly ösüşlere eýe bolandygyny we häzirki wagtda iň gowy döwrüni başdan geçirýändigini aýtdy.
Iki tarap hem berk syýasy özara ynama eýe bolup, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny bilelikde ýokary hilli durmuşa geçirmekde ýokary netijelere ýetýärler, esasy hyzmatdaşlyk taslamalarynda uly öňegidişlikler gazanýarlar we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösýändigini Si Szinpin aýtdy.
Si Szinpin Hytaý bilen Belarusyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň taryhy ösüş meýillerine laýyk gelýändigini we iki halkyň esasy bähbitlerine hyzmat edýändigini görkezijiler subut edýär diýip belledi.
Iki ýurduň hem “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçiliklerini herekete geçirmelidigini we dartgynly dünýäde durnuklaşdyryjy şert hökmünde hyzmat etmek üçin köptaraplaýyn forumlarda utgaşyklygy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmelidigini belläp, Hytaýyň adamzadyň bitewi ykbalynyň bileleşigini gurmak we Hytaý tarapyndan teklip edilen dört esasy ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmek üçin Belarus bilen işleşmäge taýýardygyny mälim etdi.
Belarusyň durmuş-ykdysady ösüşine möhüm goldaw berýän Belarus bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn we çuňňur amaly hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, Aleksandr Lukaşenko Belarus tarapynyň Hytaý bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we strategik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge umyt edýändigini aýtdy.
Gysga wagtda syýasy taýdan çözülmegi talap edýän ýiti meseleleri kadalaşdyrmaga ýardam bermek maksady bilen, Başlyk Si Szinpin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmeklige uly goşant goşýan dört sany esasy ählumumy başlangyjy öňe sürdi diýip, Aleksandr Lukaşenko mälim etdi. Ol şeýle hem Belarusuň halkara we sebit işlerinde Hytaý bilen ýakyn utgaşyklygy saklamaga, şunlukda ählumumy hem-de sebitara parahatçylyga, ösüşe we durnuklylyga bilelikde ýardam bermäge taýýardygyny aýdyp, sözüniň üstüne goşdy.







