C909: asmanda on ýyl we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykyş

Iýun 29, 2026 | 17:15 |100
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda işlenip taýýarlanan C909 ýolagçy uçary täze görnüşleriniň döredilmegi netijesinde Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarynda öz ornuny giňeldýär. Bu uçaryň dürli modifikasiýalarynyň peýda bolmagy önümçilik hataryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we köpçülikleýin önümçilige tarap möhüm ädim ädilmegine mümkinçilik berdi. Hytaýyň ilkinji ýolagçy uçary asmana galanda, onuň dünýäniň iri uçar öndürijileri bilen bäsleşip biljekdigine az adam ynanýardy. On ýyl geçensoň bolsa, C909 indi diňe bir ýerli taslama däl, eýsem halkara bazarynda hakyky oýunça öwrüldi. Bali adasyndan Laosa çenli, ýolagçy gatnawlaryndan başlap işewür awiasiýa we ýük daşamalaryna çenli bu uçar Hytaýyň diňe bir çalt däl, eýsem ýokary hilli uçarlary hem öndürmegi başarýandygyny görkezýär. Gurnama sehinden çykýan her täze uçar bolsa awiasiýa pudagynda «Made in China» diýen sözüň beýleki pudaklardaky ýaly ynamly ýaňlanmagyna goşant goşýar.

Şenbe güni ozal ARJ21 ady bilen tanalýan C909 täjirçilik maksatly ulanylyşynyň on ýyllygyny belledi. Uçar 78-den 97-ä çenli ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolup, onuň uçuş aralygy 2225-den 3700 kilometre çenli ýetýär. Ol gysga we dar uçuş-gonuş zolaklary üçin niýetlenendir hem-de ýokary temperatura, belent daglyk şertleri we gapdal şemaly bolan ýagdaýlarda özüni oňat görkezýär. 2022-nji ýylyň dekabrynda Indoneziýanyň TransNusa awiakompaniýasyna tabşyrylan C909 2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Jakartadan Bali adasyna ilkinji halkara gatnawyny amala aşyryp, halkara uçuşlarynyň başlanmagyna ýol açdy. 2026-njy ýylyň iýun aýyna çenli TransNusa jemi bäş sany C909 uçaryny kabul etdi.

Hytaýyň täjirçilik uçarlary korporasiýasynyň (COMAC) Günorta-Gündogar Aziýa bölüminiň baş direktorynyň orunbasary Sýao Fançžou şeýle diýdi: «Üç ýyllyk ulanyş tejribesi C909 uçaryň sebit ýolagçy uçary hökmünde Günorta-Gündogar Aziýanyň yssy we çygly howa şertlerine hem-de köp sanly adalardan ybarat geografik aýratynlyklaryna örän gowy uýgunlaşandygyny görkezdi».

TransNusa kompaniýasyndaky üstünlikli ulanylyşdan soň C909 Laosyň we Wýetnamyň bazarlaryna hem çykdy. Şeýle hem C909 uçarynyň dürli modifikasiýalary hödürlendi. 22-nji iýunda CBJ atly ilkinji ýerli işewür uçarynyň täjirçilik gatnawy başlandy. Bu görnüşde gysga we orta aralykdaky iş saparlarynyň talaplaryny nazara alyp, dynç alyş, duşuşyk, kabul edişlik we naharlanmak üçin aýratyn salon bölümleri döredildi.

COMAC kompaniýasynyň C909 modifikasiýalarynyň baş konstruktorynyň orunbasary Dan Ýabin şeýle belledi: «CBJ işewür syýahatçylaryň salondaky gizlinlik, uçuş rahatlygy we syýahatyň netijeliligi baradaky talaplaryna doly laýyk gelýär. Onuň täjirçilik ulanylyşyna girizilmegi Hytaýyň raýat awiasiýasy pudagy üçin işewür awiasiýa ugrunda möhüm öňegidişligi aňladýar».

Häzirki wagtda C909 birnäçe görnüşde öndürilýär. Olaryň arasynda lukmançylyk, ýolagçy, ýük daşaýjy, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreşmek üçin niýetlenen modifikasiýalar bar.

C909 (ozalky ARJ21) COMAC tarapyndan döredilen Hytaýyň ilkinji sebit reaktiw ýolagçy uçarydyr. Uçar 2014-nji ýylda sertifikatlaşdyryldy we 2016-njy ýylda täjirçilik maksatly ulanylyşa girizildi. On ýylyň dowamynda ol ilkinji synag uçuşlaryndan yzygiderli halkara gatnawlaryna çenli uly ösüş ýoluny geçdi.

CBJ modifikasiýasy korporatiw müşderiler üçin döredilen işewür görnüş bolup durýar. Ýük, lukmançylyk we halas ediş modifikasiýalarynyň döredilmegi bu platformanyň kämilleşendigini hem-de giň gerimli önümçilik üçin doly taýyndygyny görkezýär. Indoneziýanyň, Laosyň we Wýetnamyň bazarlaryna çykmagy bolsa diňe bir täjirçilik üstünligi däl, eýsem Hytaýyň sebitdäki awiasiýa täsirini güýçlendirmek ugrunda möhüm strategik ädimdir.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, C909 Günorta-Gündogar Aziýadaky ornuny yzygiderli giňeldýär. Geljekde täze modifikasiýalaryň döredilmegi we köpçülikleýin önümçiligiň artdyrylmagy Hytaýyň awiasiýa senagatynyň halkara derejedäki ornuny has-da berkitmäge ýardam eder.

Beýleki habarlar