Hytaýyň logistikasynyň ösüşi: 21,56 trillion ABŞ dollary we düzümleýin döwrebaplaşma

Hytaýyň logistikasynyň ösüşi: 21,56 trillion ABŞ dollary we düzümleýin döwrebaplaşma. Logistika ykdysadyýetiň gan-damar ulgamydyr. Ol sazlaşykly işlände harytlar, çig mal we düzüm bölekleri öz wagtynda eltirilýär, zawodlar işsiz durmaýar, dükanlaryň tekjeleri bolsa boş galmaýar. Emma häzirki sanlar diňe bir ýük daşalyşynyň artandygyny däl, eýsem ykdysady düzümiň üýtgeýändigini hem görkezýär. Ýokary tehnologiýaly önümçilik, ýaşyl energetika we galyndylary gaýtadan işlemek ýaly pudaklar ösüşiň esasy hereketlendirijisine öwrülip, köp serişde talap edýän adaty pudaklary yzda goýýar. Hytaýyň logistika ulgamy diňe ösmek bilen çäklenmän, eýsem düýpli özgertmeleri başdan geçirýär.
Hytaýyň Logistika we Satyn Alyş Federasiýasynyň (CFLP) maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar–maý aýlarynda ýurduň logistika dolanyşygy 146,6 trillion ýuana (takmynan 21,56 trillion ABŞ dollaryna) ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,2 göterim köp boldy. Şol döwürde senagat önümleriniň logistikasynyň möçberi 5,4 göterim artdy, emma pudaklaryň arasynda ep-esli tapawutlar ýüze çykdy. Dag-magdan senagaty we metal däl mineral önümleri öndürmek ýaly köp serişde talap edýän adaty pudaklarda isleg pes bolmagynda galdy. Munuň tersine, ýokary tehnologiýaly önümçilik bilen bagly logistika ýokary ösüş depginini saklady. Maý aýynda ýokary tehnologiýaly önümçilik bilen baglanyşykly logistika bolan isleg geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 15,1 göterim, maşyn gurluşygy pudagyndaky logistika bolan isleg bolsa 9,5 göterim artdy. Iki görkeziji hem öňki aý bilen deňeşdirilende has çalt ösüş gazandy.
Hytaýyň Logistika Maglumat Merkeziniň direktory Lýu Ýuhan şeýle diýdi: «Umumy islegiň gurluşyny seljerenimizde, bazaryň göwrüminiň durnukly ösýändigini we ösüşiň köne hereketlendirijilerden täzelerine çalt geçýändigini görýäris. Ýokary goşmaça gymmatlyga eýe bolan pudaklarda we täze döreýän senagat ugurlarynda isleg adaty pudaklara garanyňda has çalt artýar. Hut şolar häzirki wagtda logistika ösüşiniň esasy hereketlendirijileri bolup durýar».
Maglumatlara görä, ýylyň ilkinji bäş aýynda import logistikasynyň ösüş depgini haýallady, emma getirilýän önümleriň düzümi has ýokary tehnologiýaly harytlara tarap üýtgemegini dowam etdirdi. Integral shemalar we ýarymgeçiriji enjamlary ýaly ýokary tehnologiýaly önümçilik üçin niýetlenen aralyk düzüm bölekleriniň importy ýokary derejede saklandy.
Şol döwürde gaýtadan dikeldilýän serişdeleriň logistikasynyň umumy gymmaty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,4 göterim ýokarlanyp, umumy logistika ösüşinden 0,2 göterim ýokary boldy. Ýapyk dolanyşykly ykdysadyýetiň logistika hyzmatlaryna bolan islegi hem durnukly ösmegini dowam etdirdi. Esasan hem akkumulýator batareýalaryny gaýtadan işlemek we senagat gaty galyndylaryny peýdalanmak ýaly ugurlarda ösüş has aýdyň boldy. Maý aýynda ekologiýa taýdan arassa önümleriň logistika möçberi hem ýokary depginde artdy. Litiý-ion batareýalarynyň daşalyşy 40 göterim, biologik taýdan dargaýan himiki süýümleriňki 18,1 göterim, uglerod süýümleri we kompozit materiallaryňky bolsa 13,4 göterim ýokarlandy.
146,6 trillion ýuan diňe daşalan ýükleriň möçberi däl. Bu san ýurduň ykdysady ileri tutulýan ugurlarynyň kartasydyr. Ýokary tehnologiýaly logistika bolan islegiň 15 göterimden gowrak artmagy we köne pudaklardaky islegiň peselmegi Hytaýyň diňe senagatyny döwrebaplaşdyrmaýandygyny, eýsem logistika ugurlaryny hem täzeden düzýändigini görkezýär. Integral shemalar, litiý-ion batareýalary we uglerod süýümleri XXI asyryň täze «nebiti» we «polady» bolup barýar. Galyndylary gaýtadan işlemek hem-de ýapyk dolanyşykly ykdysadyýet ösüşiň indi serişdeleri ölçegsiz sarp etmek bilen baglanyşykly däldigini görkezýär. Logistika has akylly, has arassa we has takyk ulgama öwrülýär. Köne ösüş hereketlendirijileri haýallasa-da, täzeleri eýýäm ýokary depginde öňe barýar.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, Hytaýyň logistika ulgamyndaky düzümleýin özgertmeler ykdysadyýetiň umumy özgerişini görkezýär. Bu özgerişde ýokary tehnologiýalar we durnukly ösüş geljekki ösüşiň esasy hereketlendirijileri bolup çykyş edýär.







