Si Szinpin hytaý-kamboja bitewi ykbal bileleşigini gurmagy ilerletmäge çagyrdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 26-njy iýunda Pekinde Kambojanyň Halk partiýasynyň we bu ýurduň Senatynyň Başlygy Hun Sen bilen geçiren gepleşikleriň dowamynda Hytaýyň Kamboja bilen bitewi ykbal bileleşigini gurmagyň çägindäki hyzmatdaşlygyny goldaýandygyny mälim etdi.
“Men Başlyk Hun Sen bilen ýene bir gezek duşuşýandygyma örän şat. Sizi Hytaýa dostlukly saparyňyz bilen gutlaýaryn. Hytaý özüniň goňşy ýurtlar babatdaky diplomatiýasynda Kamboja ileri tutulýan ugur hökmünde garaýar hem-de ony özygtyýarlylyk we howpsuzlyk syýasatynda, şeýle-de öz ýurdunyň ösüş ýoluny saýlap almagynda goldaýar. Hytaý parahatçylygy bilelikde üpjün etmek, şeýle hem adamzadyň bitewi ykbalynyň bileleşigini hem-de parahatçylykly ýaşamagyň nusgasy hökmünde hytaý-kamboja bitewi ykbal bileleşigini gurmakda öňegidişlik gazanmak ugrunda Kamboja bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr” – diýip, Hytaýyň Lideri duşuşykda aýtdy.
“Men Siziň çykyşyňyzdaky doly akýürekliligiňiz üçin Size minnetdarlyk bildirýärin. Men şeýle hem täze döwürde hemme taraplaýyn bitewi ykbaly bileleşigini gurmakda gatnaşyklarymyza Siziň beren oňyn bahaňyzy doly goldaýaryn. Men Siziň bilen ýene bir gezek duşuşanyma örän şatdyryn. Siz kamboja halkynyň köp ýyllyk, hakyky we iň ygtybarly dostudygyňyzy ýene-de bir gezek tassykladyňyz” – diýip, Hun Sen aýtdy.







