Şanhaý halkara işewürlik hyzmatdaşlyk zolagynyň meýdancasy işe taýýar

Noýabr 29, 2025 | 19:50 |87
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

Şanhaý halkara işewürlik hyzmatdaşlyk zolagynyň “Şanhaý gündogar merkezi” hepdäniň anna güni kabul ediş toparynyň barlagyndan geçenden soň işe girişdi.

Şanhaý halkara işewürlik hyzmatdaşlyk zolagynyň “Şanhaý gündogar merkeziniň” gurluşygynyň umumy meýilnamasy Döwlet geňeşi tarapyndan geçen ýylyň fewral aýynda tassyklanypdy. Ýörite bellen zolaklarda serhetden ýeňilleşdirilen tertipde geçmeklik üçin işlenip taýýarlanan düzgünler we işewürlik hyzmatlary bu meýilnamada aýdyň kesgitlenendir.

Hytaýda ilkinji gezek döredilen Halkara işewürlik hyzmatdaşlyk zolagynyň tutýan meýdany 0,88 inedördül kilometrden yabarat bolup, bu zolak toplumlaýyn gümrük zolaklarynyň, gümrük gözegçiligi zolaklarynyň we çäklendirilen port zolaklarynyň düzgünlerini öz içine alýandyr.

Toplumlaýyn ösüş meýilnamasyna laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli bu zolakda doly mümkinçilikli dolandyryş ulgamyny ýola goýmaklyk göz öňünde tutulýar. Munuň netijesinde esasy zolakda işewürlik hyzmatdaşlygyny, halkara sergilerini we halkara okuw maksatnamalaryny geçirmeklige has giň mümkinçilikler dörediler.

Sebit serhetüsti hyzmatdaşlyklaryny, halkara işewürlik çärelerini işjeňleşdirmek hem-de innowasion serişdeleri toplamak babatynda öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin 2030-njy ýyla çenli bu zolagyň gurluşygyny doly tamamlamak meýilleşdirilýär, bu şol sanda öňdebaryjy işewürlik hyzmatlaryny kämilleşdirmekligi we kömekçi desgalary işe girizmekligi öz içine alýandyr.

Beýleki habarlar