Hytaý we Bangladeş täze eýýamda bitewi ykbaly bolan hytaý-bangladeş bileleşiginiň gurulýandygyny yglan etdiler

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Bangladeşiň Premýer-ministri Tarik Rahman 26-njy iýunda Pekinde bolan duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak maksady bilen, täze eýýamda bitewi ykbaly bolan hytaý-bangladeş bileleşiginiň gurulýandygyny bilelikde yglan etdiler.
Duşuşygyň dowamynda Hytaýyň Baştutany 24-26-njy iýun aralygynda Hytaýa resmi sapar bilen gelen Tarik Rahmany mähirli garşylady.
“Premýer-ministr Tarik Rahman, Hytaýa hoş geldiňiz. Siziň ene-ataňyz hytaý halkynyň köp ýyllyk we hoşniýetli dostlarydyr. Olar dürli döwürlerde hytaý-bangladeş gatnaşyklarynyň ösüşine uly goşant goşdular. Hytaý Bangladeş bilen gatnaşyklary ösdürmäge hemişe uly ähmiýet berýär we Bangladeşiň ähli halky bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk syýasatyna berk eýerýär. Halkara ýagdaýy nähili üýtgese-de, Hytaý Halk Respublikasy hytaý-bangladeş dostlugynyň umumy ýörelgesine berk eýerer. Men ikitaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak hem-de iki ýurduň halklaryna has köp bähbit getirmek maksady bilen, täze eýýamda bitewi ykbaly bolan hytaý-bangladeş bileleşiginiň gurulýandygyny Siziň bilen bilelikde yglan etmäge taýýardyryn” – diýip, Si Szinpin aýtdy.
Tarik Rahman, öz gezeginde, Hytaýyň gazanan üstünliklerine çuňňur haýran galýandygyny we döwrebaplaşdyrmagyň hytaý nusgasynyň Bangladeş üçin nusgalyk bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Ol şeýle hem Hytaýyň Başlygy tarapyndan öňe sürlen “Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny we ählumumy başlangyçlary goldaýandygyny tassyklady.
“Men Hytaýda sapar bilen bolýandygyma örän şatdyryn we munuň üçin uly buýsanç duýýaryn. Hytaý biziň iň esasy we ygtybarly hyzmatdaşymyz bolmagynda galýar. Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda Hytaýyň gysga wagtyň içinde ösüşde gazanan ajaýyp üstünliklerine biz tüýs ýürekden buýsanýarys. Hytaý nusgasyndaky döwrebaplaşdyrma Bangladeş üçin nusgalyk bolup hyzmat edýär. Bangladeş Siziň “Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi” gurmak baradaky konsepsiýaňyza hem-de öňe süren birnäçe ählumumy başlangyçlaryňyza ýokary baha berýär we goldaýar” – diýip, Bangladeşiň Premýer-ministri aýtdy.







