Ählumumy işewürlik-öňdebaryjylary “Hytaý 2.0” konsepsiýasyna bäsdeşligiň ýerine hyzmatdaşlyk hökmünde garaýarlar

Iýun 26, 2026 | 18:20 |91
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


“CCTV+”-iň habar berişi ýaly, Tomusky Dawos forumynda ählumumy işewürlik öňdebaryjylary Hytaýyň Premýer-ministri Li Sýan tarapyndan teklip edilen “Hytaý: mümkinçilik 2.0” konsepsiýasyny gutladylar we onuň Pekiniň has köp daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge çalyşýarka, bäsdeşligiň ýerine hyzmatdaşlyga, özara gatnaşyklara we özara ösüşe üns berýändigini bellediler. Li Sýan Dalýanda geçirilen maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Hytaýyň ählumumy maýadarlar üçin mümkinçilikler ýurdy hökmünde bu täzelenen garaýşyny tanyşdyrdy.

“Bain and Company” kompaniýasynyň durnukly ösüş boýunça ählumumy tejribesiniň ýolbaşçysy Žan-Şarl Wan Den Branden — “Mümkinçilikler 2.0” diýen bu konsepsiýa — bu bir taraply hereket ýoly däl. Bu bäsdeşlik däl-de, eýsem hyzmatdaşlyk etmek we garaýyşlary berkitjek ugurlary gözlemek üçin bir mümkinçilikdir — diýip belledi.

“EY”-niň Hytaýdaky edarasynyň başlygy Jek Çan, ählumumy kompaniýalaryň bilelikde ählumumy ekoulgamlary gurmaga çalyşýan wagtynda Hytaýda ýokary hilli açylyşyň örän ähmiýetli boljakdygyny aýtdy. “Biz ýerli bazary ösdürmek üçin mümkinçilikleri nädip döretmelidigi barada gürleşýäris. Bu içerki bazara girmekden ony döretmäge geçmek diýmekdir. Hakyky ählumumy ekoulgamy gurmak üpjünçilik zynjyrlaryndan çykyp, bazarlary, maýany, zehini we kadalaşdyryjy düzgünlere laýyklygy birleşdirmegi aňladýar” – diýip, ol belledi.

Norwegiýanyň “Yara International” himiýa kompaniýasynyň ýolbaşçysy Swein Tore Holsether hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady: “Gürrüň özara sazlaşykly ösüşi kemala getirmek barada barýar — Hytaýdaky bazaryň ululygyny göz öňünde tutup, şol bir wagtyň özünde ony Ýewropada işläp düzen tehnologiýalarymyz bilen utgaşdyryp, möçberiň peýdasyny nädip ulanyp bileris? Biz geosyýasy dartgynlyklaryň dowam etmegine taýýar bolmalydyrys. Gürrüň şonuň üçin, önümçilik üçin baha zynjyrlaryny güýçlendirmek we üpjünçilik zynjyrlaryny gysgaltmak barada barýar. Söwda möhümdir. Söwda durnukly ösüşiň açarydyr. Emma gürrüň, Hytaýda, Ýewropada we dünýäde has güýçli ýerli üpjünçilik zynjyrlaryny gurmak barada hem barýar”.


Tomusky Dawos (Annual Meeting of the New Champions) 2007-nji ýyldan bäri Hytaýda geçirilýär. 2026-njy ýylda Dalýandaky forum 90 ýurtdan 1700-den gowrak gatnaşyjyny özüne çekdi. “Hytaý: mümkinçilik 2.0” konsepsiýasy Premýer-ministr Li Sýan tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryna çemeleşmeleriň ewolýusiýasy hökmünde hödürlendi: bazara ýönekeý girişden — ählumumy ekoulgamyň bilelikde döredilmegine çenli. Esasy temalaryň arasynda — elektromobilizasiýa, durnukly ösüş we üpjünçilik zynjyrlaryny güýçlendirmeklik bar. Işewürlik-öňdebaryjylaryň çykyşlary işewürlik dünýäsiniň geosyýasy çagyryşlaryna garamazdan hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezdi.

Beýleki habarlar