Intelden Airbusa çenli: Tomusky Dawos 17 ýylyň dowamynda Dalýany hakyky ykdysadyýet üçin hereketlendirijä öwürdi — 2,5 milliard dollar, 1700 gatnaşyjy we 800 tonna CO2 tygşytlandy

Iýun 25, 2026 | 19:14 |100
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


17-nji forum, 90 ýurtdan 1700 gatnaşyjy, 2007-nji ýyldan bäri 16 çäre, 50 sany daşary ýurt taslamasy we diňe Dalýanda 48 ýerli maýa goýum. “Intel”, “Airbus”, “SK Group”, “Volkswagen”, “Pfizer” — sanaw barha artýar. Uglerodyň yzlary 800 tonna azaldy, energiýa netijeliligi 30% ýokarlandy.

“CCTV+”-iň habar berişi ýaly, Dalýandaky “Intel” çip zawodyndan başlap, Ýewropanyň daşyndaky ilkinji “Airbus A320”-y gurnamak işine çenli, Tomusky Dawos forumy soňky 17 ýylyň dowamynda ýokary derejeli dialogyň meýdançasyndan Hytaý bilen ählumumy işewürlik jemgyýetiniň arasyndaky hakyky ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendirijisine öwrüldi. Täze öňdebaryjylaryň 17-nji ýyllyk duşuşygy, şeýle hem Tomusky Dawos ady bilen belli bolan forum, şu hepde Hytaýyň demirgazyk-gündogar port şäherinde Dalýanda açyldy. Bütindünýä Ykdysady Forumy tarapyndan gurnalan forum 2007-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Dalýan we Týanszinde gezekli-gezegine geçirilýär. “Innowasiýany giňeltmek” mowzugyna bagyşlanan şu ýylky duşuşyk takmynan 90 ýurtdan we sebitden 1700-den gowrak gatnaşyjyny özüne çekdi.

Forum ykdysady meýiller we innowasiýalar boýunça dialog üçin ählumumy meýdança bolup hyzmat etse-de, onuň täsiri maslahat zallaryndan has uzaklara ýaýraýar. 2007-nji ýylyň tomusky Dawosynyň ilkinji hepdesinde “Intel” kompaniýasy Dalýanda Aziýada ilkinji 300 millimetrlik kremniý gatlaklarynyň öndürýän zowadynyň düýbüni tutdy. 2,5 milliard dollarlyk taslama ilkinji “Dawos täsiri” boldy. Soňra Týanszinde geçirilen forumda, “Airbus” kompaniýasy Ýewropanyň daşynda ilkinji gezek “A320”-i gutarnykly ýygnaýan zawodyny açdy. Ilkinji uçar 2009-njy ýylda çykaryldy.

Forum serhetüsti maýa akymlaryna ýol açdy. Diňe Dalýan şäheri 2015-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän 50 sany iri taslamany we içerki maýa goýumlary bolan 48 taslamany özüne çekdi. “SK Group”, “Volkswagen” we “Pfizer” şäherde özüniň kärhanalaryny açdylar. Ylmy-barlag we işläp düzmek işi 1,39% -den 3,12% -e çenli ýokarlandy we Dalýanyň sanly ykdysadyýetiniň goşulan bahasy 2025-nji ýylda 10,5 milliard dollardan geçdi. Bu ýyl esasy üns uglerody azaltmaga gönükdirilendir: desgalar arassa elektrik energiýasy bilen işleýär we CO2 zyňyndylaryny takmynan 800 metrik tonna azaldýar. Sowadyjy ulgamlary deňiz ýylylyk soryjylary ulanýar, bu bolsa energiýanyň 30% -den gowragyny tygşytlaýar.

Bütindünýä Ykdysady Forumy şeýle hem dünýä innowasiýa meýillerini şöhlelendirýän iň öňdebaryjy 10 tehnologiýa boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Iki onýyllyga golaý toplanan tejribe proteksionizmiň artýan şertlerinde açyklyk we hyzmatdaşlyk özara peýda getirýän ýol bolmagynda galýandygyny görkezýär. Tomusky Dawos duşuşygy dünýä ykdysadyýetine yzygiderli itergi bermegini dowam etdirýär.

Beýleki habarlar