Hytaýyň täze elektrik ýük awtoulagy köpçülige tanyşdyryldy

Hytaýyň tehnologiýa kompaniýasy özi agdarýan elektrik magdan ýük awtoulagynyň täze modelini köpçülige tanyşdyrdy. Bu dünýäde magdan pudagyny ösdürmekde möhüm ädim boldy. 21-nji noýabrda Breton Technology kompaniýasy Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde özüniň täze nesil awtoulagyny köpçülige görkezdi.
Ýük ýüklemek, daşamak we düşürmek işlerine niýetlenen bu özi agdarýan ýük awtoulagynda adam oturmak üçin adaty kabinasy ýokdur we ol doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylyp, üznüksiz işlemäge mümkinçilik berýän tehnologiýa esasynda işleýär. “Biz awtoulagyň ygtybarlylygyny we iş netijeliligni ýokarlandyrmak üçin awtoulaga oturtjak abzallarymyzy täzeden işläp düzüp, olary has hem kämilleşdirdik. Sürüjisiz awtomat usulda dolandyrmak maksady bilen, ýeňil awtoulaglarda bolşy ýaly uly model algoritmlerini ulandyk - bu özi agdarýan magdan ýük awtoulaglarynyň öňdebaryjylarynyň hataryndadyr” diýip, Breton Technology kompaniýasynyň başlygy Çen Fangming aýtdy.
Uzynlygy takmynan 10 metr, ini 5,2 metr we beýikligi 4,8 metr bolan bu ýük awtoulagy 351 tonna çenli ýüki göterip bilýär. Breton Technology kompaniýasynyň şu ýyl işlenip düzülen elektrik magdan ýük awtoulaglary eýýäm birnäçe Afrika ýurtlaryna eksport edildi, häzirki wagtda bolsa 31 sany ýük awtoulagy ulanyşdadyr.
Pudak bilermenleriniň aýtmagyna görä, Hytaýyň sürüjisiz awtomat usulda dolandyrylýan bu magdan ýük awtoulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlandyr, bu bolsa dünýäde magdan pudagy üçin has howpsuz, ekologiýa taýdan arassa we has tygşytly çözgütleriň bardygynyň subutnamasydyr. 2016-njy ýylda esaslandyrylan we Şanhaýda ýerleşýän Breton Technology kompaniýasy özüniň önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa elektrik ýükleýjilerine, magdan ýük awtoulaglaryna we traktorlara has uly üns berýändir.







