Öňdebaryjy tehnologiýa awtoulaglary Guançžou sergisinde

Noýabr 28, 2025 | 19:10 |60
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

Hytaýyň günorta sebitinde, 21-nji - 30-njy noýabry aralygynda geçirilýän giň gerimli 23-nji Guançžou halkara awtoulag sergisinde “Täze energiýa” we “Akylly mümkinçilikler” atly bölümde görkezilen täze awtoulaglar köp sanly myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Täze hödürlenýän elektromobil öndürijileri hem-de adaty awtoulaglary öndürijiler özleriniň iň täze modellerinde “akylly mümkinçilikleri” bu ýere gelenlere görkezýärler. Bu awtoulaglaryň giňligi we rahatlygy has hem maşgalaly müşderileriň göwnüne ýarady.

Bu sergide dürli bahadaky awtoulaglar görkezilýär, şolaryň arasynda bahasy 450 000-600 000 ýuan aralygynda bolan kaşaň täze energiýaly SUV awtoulagy bar. Sürüjä kömek beriji hem-de Lidar mümkinçiligi bolan awtoulaglary müşderilere 100,000 ýuandan aşak bahada hödürlenýär. Bu ýere gelen müşderiler giň salonly, interaktiw mümkinçiligi bolan hem-de gurluşy taýdan rahat we ykjam awtoulaglara uly gyzyklanma bildirdiler.

Ýurtda ykdysady ösdüriş syýasatynyň güýje girmegi bilen, pudagyň hünärmenleri, ýylyň ahyrynda awtoulag bazarynyň has-da janlanmagyna bu sergi oňyn täsir eder diýip, garaşýarlar. “Akylly” tehnologiýany we dürli bahaly strategiýalary sazlaşdyrmak bilen, innowasion aýratynlyklaryň we elýeterli bahalaryň utgaşmasy arkaly müşderileriň satyn almak höwesiniň artmagyna hem-de awtoulaglaryň satuwynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar