Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýaly kärhanalaryň ilkinji toplumy bilen tanyşdyryldy

Noýabr 28, 2025 | 19:05 |92
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

Hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň gündogaryndaky Nansin şäherinde geçirilen 2025-nji ýylyň Bütindünýä intellektual önümçilik maslahatynda 15 sany öňdebaryjy tehnologiýaly kärhanalarynyň ilkinji toplumy bilen tanyşdyryldy. Bu kärhanalar enjamlaryň önümçiligi, çig mal, elektronika hem-de sarp ediş harytlaryň önümçiligi ýaly esasy pudaklara degişlidir.

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, bu kärhanalar innowasion önümçilik tehnologiýalaryny, “akylly” dolandyryş usullaryny birleşdirmek bilen, önümçiliginiň öňdebaryjy derejesini görkezýändir.

Häzirki güne çenli Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýaly kärhanalaryň 7000-den gowragy işleýär. Innowasion önümçilik tehnologiýalary ornaşdyrylan ýüzlerçe kärhanalar uly ösüşleri görkezdi: önümiň işlenip taýýarlanyş wagty 29 göterim gysgaldy, önümçiligiň netijeliligi 22 göterim ýokarlandy we atmosfera bölünip çykarylýan uglerod möçberi 20 göterim azaldy.

“Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýaly kärhanalary ösdürmeklik uzak möhletli ileri tutulýan ugur bolmagynda galar hem-de önümçilik pudagynda toplumlaýyn innowasion çözgütleri we sanly ulgamy ornaşdyrmaklyga itergi berer” diýip, Innowasion önümçilik boýunça milli bilermenler komitetiniň başlygy Su Bo gürrüň berdi.

Beýleki habarlar