Hytaýyň Halk banky Şanhaýyň Erkin söwda zolagynyň çäginde ýuan bilen daşary ýurt walýutasynyň söwdasy boýunça synag taslamasyny işe girizýär — iň iri alty banka ygtyýar berildi, bank däl edaralar üçin adatdan daşary likwidlik mehanizmi taýýarlanýar

Hytaýyň Senagat we söwda banky, Oba hojalyk banky, Gurluşyk banky, Aragatnaşyk banky, Hytaýyň CITIC banky we Hytaý banky Hytaýyň daşary ýurt walýuta söwda ulgamynyň platformasy arkaly amallary geçirmäge hukuk aldylar. Şeýle-de, Merkezi bank ulgamlaýyn krizis ýüze çykan ýagdaýynda bank däl maliýe edaralary üçin likwidligi goldamagyň makroprudensial guralyny döretmegi öwrenýär.
“CCTV+”-iň habar bermegine görä, Hytaýyň Halk banky, ýagny ýurduň merkezi banky, Şanhaýyň erkin söwda zolagyndaky söwdada ýuan bilen daşary ýurt walýuta söwdasy boýunça synag taslamasyny başlar diýip, çarşenbe güni bankyň başlygy Pan Gunşen mälim etdi. Şanhaýda geçirilýän iki günlük “Luszýaszuý 2026” forumynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Panyň aýtmagyna görä, synag maksatnamasy walýuta bazarynyň ikitaraplaýyn açylmagyna ýardam etmek, içeri we daşary bazarlaryň integrasiýasyny ýeňilleşdirmek hem-de Şanhaýyň ýuandaky aktiwleri paýlamagyň we töwekgelçilikleri dolandyrmagyň ählumumy merkezine öwrülmegini goldamak üçin meýilleşdirildi.
“Hytaýyň Halk banky Hytaýyň daşary ýurt walýutasynda söwda ulgamynyň platformasy üsti bilen, Şanhaýyň Erkin söwda zolagynyň çäklerinde ýuan bilen daşary ýurt walýuta söwdasyny geçirmäge alty sany banka, şol sanda Hytaýyň Senagat-söwda bankyna, Hytaýyň Oba hojalyk bankyna, Hytaý bankyna, Hytaýyň Gurluşyk bankyna, Aragatnaşyk bankynawe Hytaýyň “CITIC” bankyna ygtyýarlyk berer” — diýip, Pan aýtdy.
Pan sözüniň üstüne goşup, anyk şertlerde bank däl maliýe edaralary üçin likwidligi goldamagyň makroprudensial guralyny döretmek mümkinçiliklerini merkezi bankyň öwrenjekdigini aýtdy. “Obligasiýa bazarlary we beýleki bazarlar ulgamlaýyn basyşa sezewar bolanda, likwidligiň adaty ýollary ýapylýar we maliýe edaralary bilelikde ulgamlaýyn töwekgelçilikleri döredip biljek likwidlik çökgünligine duçar bolýarlar, şeýle ýagdaýda biz swap mehanizmleri arkaly bank däl edaralara gyssagly likwidlik goldawyny bereris. Bu mehanizm işlenip düzülende, maliýe pudagynda töwekgelçilikleriň öňüni almak üçin maliýe bazarlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek zerurlygy göz öňünde tutular” — diýip, Pan belledi.
Şanhaýyň Erkin söwda zolagy — 2013-nji ýylda döredilen, Hytaýdaky ilkinji we iň uly erkin söwda zolaklarynyň biridir. Ýuan bilen şelf amallary — bu ýuanyň halkaralaşmagyna ýardam edýän, Hytaýyň çäklerinden daşarda Hytaý walýutasy bilen geçirilýän geleşiklerdir. Ygtyýarlyk berlen alty sany bank — Hytaýyň iň uly döwlet täjirçilik banklarydyr. Likwidligi goldamagyň makroprudensial guraly — adaty bazar ýollary ýapylanda we ulgamlaýyn çökgünlik dörän ýagdaýynda, merkezi banka bank däl edaralara (ätiýaçlandyryş kompaniýalaryna, maýa goýum gaznalaryna we ş.m.) gyssagly likwidlik bermäge mümkinçilik döredýän mehanizmdir.
Merkezi bank ýuan üçin şelf zolagyny açanda we maliýe ulgamynyň alty sany ägirdi täze ygtyýarlyklara eýe bolanda, dünýä bir zady aýdyň görýär: Hytaý öz walýutasynyň halkaralaşmagy barada diňe bir gürrüň etmän, eýsem indiki ädimi hem ätýär. Şanhaýyň Erkin söwda zolagyny diňe bir çäk bolman, eýsem ýuanyň ählumumy bazarlarda erkin dem almagyny öwrenýän platformasyna öwrülýär. Bank däl edaralar üçin gyssagly likwidlik mehanizmi bolsa — bazarlar durnuklylygyny ýitiren ýagdaýynda bir ätiýaçlandyryşdyr. Hytaý her bir oýunçynyň öz orny bolan, ulgamyň bolsa berklik ätiýaçlygy bar bolan maliýe arhitekturasyny gurýar. Ýuan yklymyň çäklerinden daşarda ynamly dolanyşyga başlanda, bu diňe bir banklaryň deňagramlylygyny däl, eýsem ählumumy oýnuň düzgünleriniň özüni hem üýtgeder.








