Si Szinpin: Hytaý Mýanma bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýar

Iýun 17, 2026 | 18:17 |84
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý Mýanma bilen bilelikde hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we hytaý-mýanma umumy ykbal bileleşigini kemala getirmekde has uly netijeleriň gazanylmagyna ýardam etmäge taýýardyr. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin şu gün, 16-njy iýunda Pekinde Mýanmanyň Prezidenti Min Aun Hlaýn bilen geçiren gepleşikleriň dowamynda mälim etdi.

Si Szinpiniň çakylygy boýunça Mýanmanyň Prezidenti 15-19-njy iýun aralygynda Hytaýda döwlet sapary bilen bolýar.

“Hormatly jenap Prezident, Siz köp ýyllaryň dowamynda Hytaý bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegi goldap gelýärsiňiz. Geçen ýyl biz iki gezek duşuşyp, strategik ähmiýete eýe bolan we hytaý-mýanma gatnaşyklarynyň ösüş ugruna degişli meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdyk. Men ikitaraplaýyn doganlyk dostluk gatnaşdyrmak ösdürmek, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, iki ýurduň halklaryna has uly bähbit getirmek we sebitdäki parahatçylyga hem-de ösüşe has uly goşant goşmak maksady bilen, hytaý-mýanma umumy ykbal bileleşigini kemala getirmegi mundan beýläk hem has netijeli öňe sürmek ugrunda Siz bilen bilelikde işlemäge taýýardyryn” diýip, Si Szinpin belledi.

Beýleki habarlar