Hytaý milli strategiýa maksatnamalary boýunça öňegidişlikleri gazanýar

Hytaý Halk Respublikasy özüniň milli strategiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we ýurduň esasy pudaklarynda howpsuzlygy güýçlendirmekde uly öňegidişlikleri gazandy diýip, Milli Ösüş we Özgerişlikler Topary hepdäniň penşenbe güni habar berdi.
“Geçen ýyldan bäri Hytaý döwleti 2900-den gowrak “düýpli maddy maýa goýum” taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 1,5 trillion ýuan (21,2 milliard ABŞ dollaryna barabar) möçberinde uzak möhletli ýörite gazna obligasiýalaryny goýberdi. Şol bir wagtyň özünde meýilnamalary we düzgünleri işläp düzmek, şeýle hem edaralary innowasion özgertmeklik öňe sürülýär” diýip, Milli Ösüş we Özgerişlikler Toparynyň wekili habar berdi.
Şäher gurluşygynda alnyp barylýan tagallalar gaz we suw üpjünçiligini, lagym suwlaryny arassalamaklygy öz içine alýan ýerasty turba ulgamlaryny gurmaklyga we döwrebaplaşdyrmaklyga gönükdirilendir. Ilata durmuş taýdan goldaw bermek tagallalary 664 sany orta mekdepleriň gurluşygyny we giňeldilmegini, bir milliondan gowrak täze okuwçy orunlaryny döretmekligi hem-de 15 000 sany hassahana otaglarynyň durkuny täzelemekligi göz öňünde tutýandyr.
Şeýle hem ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny kämilleşdirmeklikde “Üç jülge” atly täze suw kanalynyň taslamasyny durmuşa geçirmek, Yanze derýasynyň boýy bilen gidýän Şanhaý-Çunçin-Çendu ýokary tizlikli demir ýoluny ösdürmek, hem-de her biri 10 million mu (666,667 gektar) töweregi bolan uly suwaryş meýdanlaryny döwrebaplaşdyrmak we ýurt boýunça däne öndüriş desgalarynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak meýilleşdirilýär.







