Siandun demir ýol menzili: Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda täze ulag merkezi açyldy — 100 müň kw. metr meýdan, metro çenli 5 minut we ýokary tizlikli ýollaryň integrasiýasy

Otlylar, metro we awtobuslar bir üçek astynda. Ýolagçylara demir ýol menzilinden metronyň 5-nji liniýasyna çenli barmak üçin bary-ýogy 5 minut gerek bolar. Geljekde menzil 12-nji, 15-nji we 21-nji liniýalar bilen hem birleşdiriler. Bu ulag merezi Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky ýokary tizlikli demir ýol ulgamynyň esasy bölegine öwrüler.
“CCTV+” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, duşenbe güni Hytaýyň Şensi welaýatynyň merkezi bolan Sian şäherinde täze möhüm demir ýol menzili açyldy. Bu bolsa ýurduň demirgazyk-günbataryndaky ulag ulgamynyň berkidilmeginde uly ädim boldy. Siandun demir ýol menzili 100 000 inedördül metr meýdany tutup, ol ýokary tizlikli we adaty demir ýollaryny, metrony hem-de awtobuslary birleşdirýän toplumlaýyn ulag merkezi hökmünde taslamalaşdyryldy.
Siandun demir ýol menziliniň inženeriniň kömekçisi Ýan Ýunsin şeýle diýdi: «Menzil Siandaky metronyň 5-nji liniýasy bilen bir wagtyň özünde işläp başlar. Ýolagçylar ýörite geçelgeler arkaly, aýlawly ýollardan ýöremän, bary-ýogy 5 minutda metro stansiýasyna baryp bilerler. Geljekde bu menzil metronyň 12-nji, 15-nji we 21-nji liniýalary bilen hem birleşdiriler». Ulanmaga berleninden soň, bu demir ýol menzili Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky birnäçe esasy demir ýol geçelgelerini baglanyşdyrar we Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýol ulgamynyň esasy bölegine öwrüler.
Sian — gadymy paýtagt, Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyjydyr. Täze Siandun demir ýol menzili — diňe bir demir ýol menzili däl. Bu Hytaýyň taryhy geljek bilen nähili baglanyşdyrýandygynyň simwolydyr. Müňýyllyk däp-dessurlar metrodaky 5 minutlyk geçelgeler bilen utgaşýar. Ýokary tizlikli magistrallaryň, adaty otlylaryň, metro liniýalarynyň we awtobuslaryň kesişýän bu çatrygy Siany kuwwatly ulag merkezine öwürýär.Ýolagçylar üçin bu — amatlylyk. Ykdysadyýet üçin — depgin. Sebit üçin bolsa — täze mümkinçilikler. Menzil kartadaky ýönekeý bir nokat däl-de, adamlaryň we ýükleriň hereketine ritm berýän bir urup duran ýürege öwrülýär. Hytaýyň demirgazyk-günbatary ýene-de bir ygtybarly ulag merkezine eýe boldy.








