Hytaýyň günbatar we demirgazyk sebitlerinde howa sowady

Hytaýyň günbatar we demirgazyk sebitlerinde howanyň temperaturasynyň birden aşak düşmekligi, güýçli ýel gatyşykly garyň ýagmagy bilen utgaşdy. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, noýabr aýynyň ahyryna çenli howanyň ýene-de sowamagyna garaşylýar.
Sinsian welaýatynyň Urumçi şäherinde şu aýyň dowamynda üçünji gezek gar ýagdy. Howanyň temperaturasy Selsiý görkezijisi boýunça dört gradusa çenli aşak düşüp, aýazly howa geldi, we munuň netijesinde ýollaryň doňup, sürçek bolmagy barada sary duýduryş berildi. Manas etrabynda hem gar agyr ýagdy, bu bolsa gatnaw ýollarynda görüjiligi peseltdi. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ýol-ulag hereketini sazlamaly boldular. Hesin etrabyna ýanaşyk Týanşan daglarynyň golaýynda gar gatyşykly şemal G218 awtoýolunyň 50 km çäginde görüjiligi 50 metre çenli peseltdi. 10sm galyňlykda düşen garyň netijesinde ýol-ulag hereketini gözegçilikde saklap, kömege mätäç sürüjilere ýardam bermek işlerini ýola goýmaly boldy.
Golaýdaky Sinhaýda, Menýuan etrabynda hem gar agyr düşdi, Haomen derýasynyň boýy bilen onlarça kilometre uzalyp gidýän buz bilen örtülen meýdan we ösümlikler tebigatyň özboluşly gözelligini döretdi.
Şansi welaýatynda hepdäniň duşenbe gününden başlap güýçli ýel turdy, ýeliň tizligi sekuntda 24,4 metre ýetdi we käbir ýerlerde howanyň temperaturasy Selsiý boýunça 10 gradusa çenli aýazlady. Demirgazykdaky daglyk sebitlerde howanyň has hem sowamagyna we gar ýagmagyna garaşylýar.
Içki Mongoliýada, Baýannur etrabyndaky Sary derýanyň 126km çäginde ýüzýän buz bölekleri peýda boldy, bu bolsa buzlaryň göçmek möwsüminiň başlanandygynyň alamatydyr. Häkimiýetler howa şertlerine laýyklykda gije-gündiz gözegçiligi güýçlendirip, kenaryň doňmasyna garşy işleri ýola goýdular.







