Futbolçylaryň sanly ekizleri we emeli aň-eminler: “Lenovo” 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyny planetanyň iň tehnologik şousyna öwürýär

Iýun 14, 2026 | 22:00 |18
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


1200 oýunçy millimetr takyklygynda skanirlendi, 3D-awatarlar keşpsiz modelleriň ornuny tutdy, ýarym awtomatlaşdyrylan ofsaýd ulgamy indi bedeniň her santimetrini görýär. Emeli aň eminleriň bedenine berkidilen kameralaryndan gelýän şekili durnuklaşdyrýar — muşdaklar oňaýsyzlyk duýman, hemme zady jikme-jik görüp bilerler. Tehnologiýalar mümkinçilikleri deňleşdirýär: hatda kiçi býujetli ýurtlar hem uly döwletler bilen birmeňzeş maglumatlara elýeterlilik alarlar.

“CCTV+” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we janköýerleriň tejribesini kämilleşdirmek üçin Hytaýyň köp pudakly tehnologiýa kompaniýasy bolan “Lenovo” bilen hyzmatdaşlyk edýär. “Lenovo”-nyň sport ugurlary boýunça direktory Santýago Manso kompaniýanyň ýaryş bilen bagly giň gerimli maglumatlary, şol sanda toparlaryň we resmi şahsyýetleriň ýerleşýän ýerlerini, sosial ulgamlardaky habarlary we howa çaklamalaryny toplamaga kömek edýändigini düşündirdi. Mansonuň sözlerine görä, emeli aň gymmatly maglumatlary has çalt almaga, strategik çözgütleri kabul etmäge we anyk netijeleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol emeli aň beýleki usullarda, esasan bolsa kompýuter görşi we wideo işlemek arkaly ulanylyp bilinjekdigini belledi.

Tehniki hünärmenler eminleriň bedenine berkidilen kameralaryndan gelýän şekili durnuklaşdyrmak üçin emeli aň ulanýarlar. Bu bolsa janköýerlere eminleriň görýän zadyny anyk görmäge we şol bir wagtyň özünde şekiliň titremeginden döreýän oňaýsyzlygyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Emeli aň eminlere wideo-kömek ulgamyna (VAR) has takyk çözgütleri kabul etmäge ýardam etjekdigine garaşylýar. Adaty suratlaryň ýerine “Lenovo” oýunçylaryň 3D-awatarlaryny döretmek üçin emeli aň modelini işläp düzdi .”Bu awatarlar — futbolçylaryň sanly ekizleridir. Biz 1200 oýunçyny millimetr takyklygynda skanirleýäris. Şeýlelikde, siz oýunçylaryň saçlaryny we olaryň beden gurluşynyň ähli aýratynlyklaryny hakykatdanam görüp bilersiňiz. Oýunçylary skanirlemek we hakyky sanly egizleriň bolmagy ähli zady örän hakyky görkezýär. Şonuň üçin hemme kişi hakykatyň döredilen şekiller bilen birmeňzeşdigini görer” — diýip, Manso düşündirdi.

Bu jikme-jiklikler örän uly ähmiýete eýe bolup biler, sebäbi FIFA gönüden-göni VAR ulgamyna iberilýän täze ýarym awtomatlaşdyrylan ofsaýd duýduryş ulgamyny ornaşdyrýar. Öň ähli oýunçylar keşpsiz, adama meňzeş awatarlar arkaly görkezilýärdi. Sanly egizler tehnologiýasynyň kömegi bilen, indi her bir oýunçynyň el-aýaklarynyň takyk uzynlygyny we beden ölçeglerini yzarlap bolýar, bu bolsa has dogry çözgütleriň kabul edilmegine getirýär we janköýerleriň tomaşa ediş hilini ýokarlandyrýar. “Lenovo” kompaniýasynyň FIFA boýunça taslama ýolbaşçysy Maýlz Spitl şeýle belledi: “Käbir ýurtlar maglumat seljerijileriniň has uly düzümini saklamaga mümkinçilik tapýarlar, emma kiçi býujetli beýleki ýurtlarda şeýle mümkinçilik ýok. Şonuň üçin hem, bu taslama adamlara şol bir maglumatlara elýeterlilik bermek we esaslandyrylan çözgütleri kabul etmek mümkinçiligini döretmek baradadyr”.

FIFA 2026 dünýä çempionaty resmi taýdan penşenbe güni, 11-nji iýunda Meksikanyň meşhur “Atsateka” stadionynda geçirilen açylyş dabarasy bilen başlandy. Bu giňeldilen ýaryş 48 topar bilen taryhda iň uly çempionat bolar we ilkinji gezek üç ýurtda — Meksikada, Kanadada we ABŞ-da 19-njy iyula çenli dowam eder.

Sanly ekiz — bu hakyky obýektiň takyk 3D nusgasydyr. Bu ýagdaýda — ýörite skanerleriň kömegi bilen millimetr takyklygynda surata düşürilen futbolçydyr. Ýarym awtomatlaşdyrylan ofsaýd ulgamy kameralary we topdaky datçikleri ulanýar, sanly egiz bolsa pas berlen pursatynda bedeniň haýsy böleginiň derwezä has ýakyn bolandygyny anyklamaga mümkinçilik berýär. “Lenovo” — FIFA-nyň ählumumy tehnologik hyzmatdaşlarynyň biridir. 1200 oýunçynyň skanirlenmegi — bu dünýä çempionatynyň takmynan ähli gatnaşyjylarydyr (48 topar, her haýsynda 26 oýunçy). Bu tehnologiýa eminligi has adalatly we aýdyň etmäge gönükdirilendir.

Futbol elmydama millimetrleriň oýny bolupdy. Emma öň bu millimetrler gapdal eminiň gözüniň ýitiligine baglydy. Indi bolsa — sanly ekize we algoritme. Sekundyň iň kiçi bölegi goluň ykbalyny çözýän, millimetrler bolsa ýeňşi ýeňlişden aýyrýan mahaly, hatda adamyň iň kämil duýgurlygy hem matematikanyň öňünde yza çekilýär. “Lenovo” diňe bir VAR 2.0-y däl, eýsem täze filosofiýany hödürleýär: her bir oýunçy maglumatlar toplumyna, her bir hereket bolsa nusga öwrülýär, janköýer bolsa oýny içinden — eminiň gözi bilen we şekiliň titremesiz görýär. Mümkin, hut bu zatlar oýny has adalatly eder — iň bolmanda, dünýä çempionatynda.

Beýleki habarlar