Hytaýdaky ilkinji adam şekilli robotlar dükany «7S» Uhanda: arzuwdan hakykata — robotlary satyn almak, kärendesine almak, abatlatmak we hatda täze başarnyklary öwretmek mümkin

Iýun 12, 2026 | 18:44 |100
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


«Hytaýyň Optika jülgesi» diýlip tanalýan sebitde ýerleşýän bu dükan diňe bir robotlary satmak bilen çäklenmän, eýsem olary aýratynlykda sazlamak, görkezmek we hünär taýdan taýýarlamak hyzmatlaryny hem hödürleýär. Robotlar futbol oýnaýar, söwda edýär, saz gurallarynda çalýar we myhmanlar bilen söhbetdeş bolýar. «7S» modeli awtoulag pudagyndaky meşhur «4S» ulgamynyň ösdürilen görnüşidir.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, geçen ýylyň ahyrynda Uhan şäherinde Hytaýdaky «7S» ilkinji adam şekilli robotlar dükanynyň açylmagy, ozal ýetip bolmajak arzuw ýaly görünýän robot eýeçiligini köp adam üçin hakykata öwürdi. Dükan dürli maksatlar üçin — şahsy aragatnaşykdan başlap senagat işleriniň ýerine ýetirilmegine çenli — robotlary synap görmek, kärendesine almak we satyn almak mümkinçiliklerini hödürleýän toplumlaýyn hyzmat merkezidir.

Dükan Uhan şäheriniň Gündogar kölüniň ýokary tehnologiýalar ösüş zolagyndaky söwda merkezinde ýerleşýär. Bu sebit merkezi Hytaýdaky Hubeý welaýatynyň esasy tehnologiýa we innowasiýa merkezleriniň biri bolup, «Hytaýyň Optika jülgesi» hökmünde giňden tanalýar. Geçen ýylyň noýabr aýynda açylaly bäri dükan ýerli ähmiýetli gözel ýerleriň birine we çalt ösýän robototehnika pudagynyň täjirleşdirilmeginiň nyşanyna öwrüldi.

Hubeý Adam şekilli robotlar innowasiýa merkezi tarapyndan dolandyrylýan bu dükan müşderilere önümleri ulanmagy öwredýär, abatlaýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirýär we hatda robotlary aýratyn talaplara laýyklykda sazlaýar. Dükan içindäki dürli ölçegdäki we görnüşdäki robotlar öz mümkinçilikleriniň giň gerimini görkezýärler: käbirleri futbol oýnaýar, käbirleri satyjy-maslahatçy hökmünde işleýär, beýlekileri bolsa saz gurallarynda çalýarlar.

Daşary ýurtly myhmanlar aýratyn täsirlenýärler: olaryň käbiri joşgunly tans edýän roboty surata düşürmäge howlugýar, beýlekileri bolsa onuň bilen gyzykly söhbetdeşlige girişýärler.

Madagaskar Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň hukuk, konsullyk we kazyýet meseleleri boýunça direktor wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Rajaobariýelina Faratiana öz täsirlerini şeýle beýan etdi:

«Men hakykatdanam örän täsirlendim. Robot bilen azajyk söhbetdeş boldum. Men ondan adyny soradym, ol jogap berdi. Soňra: “Howa şertleri barada näme pikir edýärsiňiz?” diýip soradym. Ol bolsa meniň garaşyşym ýaly, hakyky adamyň sözlerini ulanyp jogap berdi».

Uhandaky dükanyň ýerine ýetiriji direktory Lýu Haýfeniň düşündirmegine görä, «7S» düşünjesi awtoulag pudagynda giňden ulanylýan «4S» modeliniň (satyş, ätiýaçlyk şaýlary, hyzmat we müşderi pikirlerini öwrenmek) ösdürilen görnüşidir. Bu dört hyzmata goşmaça üç ugur hem goşuldy: aýratyn çözgütler, önümleriň görkezilişi we robotlaryň hünär taýdan taýýarlanylmagy.

Hytaýyň adam şekilli robotlar senagaty 2025-nji ýylda ep-esli ösüş görkezdi. Bu ösüşe pudagy strategik ugur hökmünde kesgitleýän milli we ýerli maksatnamalar uly itergi berdi.

«7S» dükany öwrülişik dörediji tehnologiýa üçin amatly täjirçilik modellerini we bazaryň ykrar etmegini gözlemekde innowasion ädimdir. Ol adam şekilli robotlaryň amaly ulanylyşyny giňeltmäge gönükdirilen, tutuş ýurt boýunça alnyp barylýan robot söwdasy boýunça synag taslamalarynyň bir bölegidir.

Uhandaky «7S» adam şekilli robotlar dükany Hytaýda ilkinji bolup durýar, emma soňkusy bolmaz. 2025-nji ýylda Hytaýyň robototehnika bazary onlarça göterim ösüş gazandy we şeýle dükanlar ylmy-barlag merkezlerindäki işläp taýýarlamalary gündelik durmuş bilen baglanyşdyrýan köprä öwrülýär.

Futbol oýnaýan ýa-da howa baradaky soraglara jogap berýän robot indi täsinlik hökmünde kabul edilmeýär. Ol hyzmatlaryň, satyn alyşlaryň we abatlaýyş işleriniň adaty bölegine öwrülýär.

Ýakyn wagta çenli robot diňe ertekilerde we fantastiki eserlerde duş gelýärdi. Häzirki wagtda bolsa ony diňe satyn almak däl, eýsem kärendesine almak hem mümkin. Eger zerur bolsa, ony abatlatmak ýa-da täze buýruklary ýerine ýetirmäge öwretmek hem bolýar.

Uhandaky «7S» dükany geljegiň awtosalonyny ýada salýar, diňe awtoulaglaryň ýerine bu ýerde gürleýän, tans edýän we maslahat berýän metal dostlar bar.

Madagaskarly diplomat robot bilen gündelik söhbetdeşlik geçirende, fantastika bilen hakykatyň arasyndaky serhediň kem-kemden ýitip barýandygy aýdyň görünýär.

Robotyň täsinlik däl-de, haryda öwrülen döwrüne hoş geldiňiz!

Beýleki habarlar