Hytaýyň wodorod energetikasy synag taslamalaryndan täjirçilik tapgyryna geçýär: 2030-njy ýyla çenli maksat — ýangyç elementli 100 müň awtoulag we wodorodyň bahasyny 1 kiligramy üçin 25 ýuandan aşak düşürmek

Häzirki wagtda ahyrky sarp edijiler üçin wodorodyň bahasy bir kilogramy üçin 35 ýuandan (takmynan 5,2 ABŞ dollary) ýokarydyr. Artykmaç täzelenýän elektrik energiýasyny peýdalanyp, bir kilogramy üçin 10 ýuandan (1,5 ABŞ dollary) hem arzan bahada wodorod öndürmek mümkin. Uglerod süýüminden taýýarlanan täze kompozit materiallar wodorody saklamagyň dykyzlygyny 1,5 esse artdyrýar. Soňky on ýylda wodorod bilen işleýän awtoulaglaryň sany 29-dan 39 müňe, ýangyç guýujy beketleriň sany bolsa 5-den 590-a ýetdi.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, Hytaýyň wodorod energetikasy pudagy önümçilik we saklaýyş çykdajylaryny azaltmak boýunça tagallalaryny güýçlendirýär. Uly pudaklaýyn maslahat — 10-njy halkara wodorod we ýangyç elementli awtoulaglar maslahatynda hödürlenen täze tehnologiýalar bu ugruň synag taslamalaryndan iri göwrümli täjirçilik ulanylyşyna geçýändigini görkezýär.
Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk meýilnamasynda (2026–2030-njy ýyllar) wodorod energetikasy geljegiň pudagy we ykdysady ösüşiň täze hereketlendirijisi hökmünde kesgitlenildi. Mart aýynda üç döwlet edarasy tarapyndan bilelikde çap edilen bildirişde 2030-njy ýyla çenli ýetilmeli görkezijiler kesgitlenildi: tutuş ýurt boýunça ýangyç elementli awtoulaglaryň sanyny 100 müňe ýetirmek we ahyrky sarp edijiler üçin wodorodyň bahasyny bir kilogramy üçin 25 ýuandan (takmynan 3,7 ABŞ dollary) pes derejä düşürmek.
Häzirki wagtda ahyrky sarp edijiler üçin wodorodyň bahasy bir kilogramy üçin 35 ýuandan (takmynan 5,2 ABŞ dollary) ýokarydyr. Wodorodyň ýokary bahasy henizem esasy mesele bolup galýar we onuň önümçilik gymmaty esasan elektrik energiýasynyň bahasyna baglydyr. Bu meseläniň esasy çözgüdi — täzelenýän energiýa çeşmelerini has netijeli ulanmakdyr.
Sergä gatnaşyjy Ouýan Žuýsýan şeýle düşündirdi:
«Häzirki wagtda Hytaýda doly peýdalanyp bolmaýan köp mukdarda täzelenýän elektrik energiýasy bar. Esasy mesele ony wodorod öndürmek üçin serişdä öwürmekden ybarat. Artykmaç elektrik energiýasynyň bahasy ujypsyz diýlip hasap edilýändigi sebäpli, wodorody örän pes çykdajy bilen, hatda bir kilogramy üçin 10 ýuandan (takmynan 1,5 ABŞ dollary) hem arzan öndürmek mümkin».
Önümçilik çykdajylaryny azaltmak meseläniň diňe bir bölegidir. Şeýle hem wodorody saklamagyň kuwwatyny ýokarlandyrmak örän möhümdir. Sergide kompaniýalar uglerod süýümi ýaly öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan, ýokary basyşly wodorody saklamak we daşamak üçin niýetlenen enjamlary hödürlediler. Bu çözgütler wodorody saklamagyň dykyzlygyny 1,5 esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Soňky on ýylda Hytaýyň wodorod pudagy çalt depginler bilen ösdi. 2016-njy ýylda ýurtda wodorod bilen işleýän bary-ýogy 29 awtoulag we bäş sany wodorod ýangyç guýujy bekedi bardy. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli wodorod bilen işleýän ulaglaryň umumy satuwy 39 müň birlige ýetdi, ýangyç guýujy beketleriň sany bolsa 590-a çenli artdy.
Wodorody ulanmagyň ugurlary diňe görkezme taslamalary bilen çäklenmän, portlary, senagat seýilgählerini, şäher ýolagçy ulaglaryny we logistika pudagyny hem öz içine aldy. Bu bolsa täjirçilik we giň gerimli ornaşdyrma ýolunda möhüm öwrülişik nokady boldy.
Hytaý Awtomobil Inženerleri Jemgyýetiniň baş sekretarynyň orunbasary Çžao Lizsin şeýle diýdi:
«Soňky ýyllarda Hytaýyň 30-dan gowrak welaýaty we şäheri wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça ýörite meýilnamalary kabul etdi. 2030-njy ýyla çenli wodorodyň bahasyny bir kilogramy üçin 25 ýuandan aşak düşürmek maksadyna ýetmek üçin täze tehnologik öňegidişlikler zerur bolar».
Wodorod diňe geljegiň ýangyjy däl, eýsem ýaşyl energetikanyň esasy gapma-garşylygyny çözmäge gönükdirilen synanyşykdyr: ýel we Gün energiýa berýär, ýöne hemişe zerur wagtynda däl. Artykmaç elektrik energiýasyny wodoroda öwürmek arkaly Hytaý täzelenýän energiýanyň megawattlaryny saklamagy öwrenýär.
Wodorodyň bahasy 25 ýuandan aşak düşende we ýangyç guýujy beketleriň sany ýüzlerçe esse artanda, ýük ulaglary we awtobuslar zyňyndysyz hereket edip başlar. Bu maksada ýetmegiň ýoly uglerod süýümlerinden, elektrolizatorlardan we inženerleriň tutanýerliliginden geçýär.
Emma iň esasy zat — ugruň dogry saýlanandygydyr: synaglardan millionlarça ulanyja tarap.







