Kim Çen Yn Phenýana amala aşyran saparynyň jemleri boýunça Si Szinpini dabaraly ýagdaýda ugratdy

Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin sişenbe güni günortandan soň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna (KXDR) amala aşyran döwlet saparyny tamamlady.
Koreýanyň Zähmet Partiýasynyň Baş sekretary, KHDR-iň Döwlet işleri boýunça başlygy Kim Çen Yn we onuň aýaly Ri Sol Çžu Si Szinpin bilen onuň aýaly Pen Liýuany howa menzilinde dabaraly ýagdaýda ugratdylar.
Howa menziline barýan ýolda Phenýanyň dürli gatlaklarynyň wekilleri köçeleriň ugrunda hatara düzülip, Hytaýyň we KHDR-iň baýdaklaryny hem-de gülleri ýokary galdyryp, hytaý-koreý dostlugyny wasp edýän şygarlary aýtdylar.
Müňlerçe ýerli ýaşaýjy we çagalar hytaýly myhmanlary ugratmak üçin howa menziline ýygnandylar.
Kim Çen Ynyň gatnaşmagynda Si Szinpin hormatly garawulyň hatarynyň öňünden geçdi.
Soňra iki ýurduň liderleri we olaryň aýallary ýene bir gezek birek-birek bilen el gysyşyp, mähirli hoşlaşdylar. Ondan soň Si Szinpin bilen Pen Liýuan uçara mündüler.
Kim Çen Ynyň çakylygy boýunça Si Szinpin duşenbe gününden sişenbe gününe çenli KHDR-e döwlet saparyny amala aşyrdy.







