Si Szinpin bilen Kim Çen Yn Hytaý bilen KHDR-iň däbe öwrülen beýik dostlugyny nesilden-nesle geçirmek barada ylalaşdylar

Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Koreýanyň Zähmet Partiýasynyň Baş sekretary, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça başlygy Kim Çen Yn şu gün, 9-njy iýunda, iki ýurduň arasyndaky beýik däp bolan dostlugy nesilden-nesle geçirmek barada ylalaşdylar.
Bu barada hytaý lideri özüniň aýaly Pen Liýuan bilen bilelikde, Kim Çen Yn hem-de onuň aýaly Li Sol Çžu bilen birlikde Hytaý-Koreý dostluk ýadygärligine baryp gören mahalynda aýtdy.
Si Szinpin bilen Pen Liýuan irden sagat 10:40 töwereklerinde Moran depesiniň eteginde ýerleşýän ýadygärlige gelenlerinde, olary Kim Çen Yn we onuň aýaly Li Sol Çžu garşylady. KHDR-iň harby orkestri iki ýurduň döwlet senalaryny ýerine ýetirdi.
Hormatly garawul 1950–1953-nji ýyllarda bolan ABŞ-nyň agressiýasyna garşy durmak we Koreýa kömek etmek urşunda gahrymanlarça wepat bolan hytaý halk meýletinçileriniň hatyrasyna ýadygärligiň öňünde gül çemenini goýdy. Soňra Hytaýyň döwlet baştutany ýadygärlige baryp, gül çemenindäki gyzyl lentalary tertipläp düzetdi.
Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi wepat bolan hytaý halk meýletinçileriniň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk bilen hormat goýdy.
Soňra iki ýurduň ýolbaşçylary hormatly garawulyň dabaraly ýörişine syn etdiler we ýadygärlik muzeýine baryp gördüler.
Si Szinpin bilen Kim Çen Yn 1950-nji ýyllarda Hytaý bilen KHDR-iň egin-egne berip söweşen ýyllarynyň iki halk tarapyndan umumy paýlaşylýan ebedi taryhy hakyda bolup galýandygyny biragyzdan bellediler.
Iki lider hytaý halk meýletinçileriniň hatyrasyna döredilen ýadygärlik desgalaryny bilelikde gorap saklamagyň, rewolýusion däpleri wagyz etmek hem-de ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda ahlak-terbiýe işlerini güýçlendirmek üçin ýörite maksatnamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Şeýle hem olar Hytaý bilen KHDR-iň arasyndaky beýik däp bolan dostlugy nesilden-nesle geçirmek zerurdygyny bellediler.







