Si Szinpin: Hytaý bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar täze taryhy başlangyç nokadyndadyr

Iýun 09, 2026 | 21:56 |66
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar täze taryhy başlangyç nokadynda dur. Bu barada 8-nji iýunda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mälim etdi.

Si Szinpin bu beýanaty özüniň hormatyna Koreýanyň Zähmet partiýasynyň Baş sekretary, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça başlygy Kim Çen Yn tarapyndan guralan kabul edişlik dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.

Si Szinpiniň belleýşi ýaly, Hytaý bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasy umumy daglar we derýalar arkaly baglanyşyklydyr, olaryň ykballary bolsa aýrylmaz derejede birleşendir. Ol iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugyň, üýtgeýän halkara ýagdaýlarynyň synaglaryndan geçip, nesilden-nesle geçirilýändigini we ýyllar geçdigiçe has hem berkäýändigini nygtady.

Si Szinpin Hytaý Halk Respublikasy bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasynda Dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek baradaky ylalaşygyň gol çekilenine 65 ýyl dolýan şu ýylynda, hytaý-demirgazyk koreýa gatnaşyklarynyň täze taryhy başlangyç nokadyndadygyny belledi. Onuň sözlerine görä, şu gezekki saparynyň dowamynda Si Szinpin Baş sekretar Kim Çen Yn bilen möhüm ylalaşyklary gazanmagy başardy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň bellemegine görä, iki ýurduň ýolbaşçylary sosializmiň ykbalyna we geljegine strategiki nukdaýnazardan garap, döwrüň umumy meýillerine düşünmegiň, halklaryň umumy isleg-arzuwlaryna jogap bermegiň, ýokary derejeli gatnaşyklary ösdürmegiň, strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy barada bir pikire geldiler. Şeýle-de olar jemgyýetiniň yzygiderli ösmegine ýardam bermek we iki ýurtda sosialistik işiň has ajaýyp geljegini bilelikde gurmak üçin adamlaryň ýürekleriniň ýakynlaşdyrmagyň hem-de hytaý-demirgazyk koreýa gatnaşyklarynyň ýokary derejeli ösüşini üpjün etmegiň möhümdigini nygtadylar.

Si Szinpin sözüni dowam edip, şu ýyl Koreýanyň Zähmet partiýasynyň 9-njy gurultaýynyň üstünlikli geçendigini belledi. Onuň dowamynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň partiýa we döwlet işleriniň uzak möhletleýin ösüşine degişli strategiki meýilnamalar kabul edildi we möhüm görkezmeler berildi. Bu gurultaý demirgazyk koreýa sosializminiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze döwrüne badalga berdi.

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýakyn goşnysy, gowy dosty bolan Hytaý, Baş sekretar Kim Çen Yn tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Koreýanyň Zähmet partiýasynyň Merkezi Komitetiniň tutanýerliligi bilen Demirgazyk koreýanyň halkynyň Koreýanyň Zähmet partiýasynyň 9-njy gurultaýynda öňde goýlan wezipeleri we maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmegini hem-de Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň sosializm işiniň täze gözýetimleri yzygiderli açmagyny tüýs ýürekden arzuw edýär.

Kim Çen Yn öz gezeginde Koreýanyň Zähmet partiýasynyň, Hökümetiň we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň halkynyň adyndan Si Szinpiniň saparyny tüýs ýürekden gutlady. Ol şu gün tutuş Phenýanyň dostluk gurşawyna beslenendigini we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň partiýasynyň, Hökümetiniň hem-de halkynyň iň mertebeli myhmanyny mähirli garşylaýandygyny beýan etdi.

Şu ýyl Baş sekretar Si Szinpiniň özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny hut Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna amala aşyrandygyny belläp, Demirgazyk Koreýanyň Lideri munuň Hytaýyň Lideriniň Koreýa Halk Demokratik Respublikasy bilen Hytaýyň arasyndaky partiýara we döwletara gatnaşyklary ösdürmäge goýýan uly ünsüni görkezýändigini, şeýle hem Demirgazyk Koreýanyň sosialistik işi üçin iň gymmatly goldawdygyny nygtady.

Kim Çen Yn Si Szinpin bilen şu günki duşuşygynyň olaryň öňki duşuşygyndan dokuz aý geçenden soň amala aşandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, häzirki duşuşygyň dowamynda olar täze we häzirki zaman mazmunyna eýe bolan demirgazyk koreýa-hytaý gatnaşyklaryny täze üýtgeýän şertleri hasaba almak bilen has-da ösdürmek boýunça möhüm ylalaşyga geldiler. Şeýle-de olar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Bu bolsa, çuňňur taryhy däpleri bolan Koreýa Halk Demokratik Respublikasy bilen Hytaýyň arasyndaky dostlugyň has-da ösmegini çaltlandyrar hem-de sebitde we tutuş dünýäde parahatçylyga we durnuklylyga ýardam eder.

Kim Çen Yn Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň halkynyň doganlyk hytaý halkynyň gazanan ägirt uly üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtady. Ol Baş sekretar Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň, beýik hytaý halkynyň güýçli we döwrebaplaşdyrylan sosialistik döwleti hemmetaraplaýyn gurmagyň täze ýolunda, “asyrdaky ikinji maksadyna” ýetmekde hem-de hytaý halkynyň beýik galkynyşyny amala aşyrmakda uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.


Beýleki habarlar