Si Szinpin we onuň maşgalasy Pen Liýuan Phenýanda sungat dabarasyna gatnaşdylar

Duşenbe güni agşam Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy Pen Liýuan Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň paýtagty Phenýanda guralan sungat dabarasyna gatnaşdylar.
Koreýanyň Zähmet partiýasynyň Baş sekretary we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça başlygy Kim Çen Yn hem-de onuň maşgalasy Li Sol Çžu bilen bilelikde gelen Si Szinpin we Pen Liýuan Phenýandaky sport zalynda tomaşaçylar we artistler tarapyndan mähirli, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Artistler aýdymlar, tanslar we akrobatik çykyşlar arkaly Si Szinpiniň ýedi ýyldan soňra Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna ilkinji saparyny dabaralandyrdylar we iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygy has-da berkitmek baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdiler.







