Si Szinpin döwlet sapary bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna bardy

Iýun 09, 2026 | 21:50 |57
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 8-nji iýunda Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna döwlet sapary bilen Phenýana geldi.

Howa menzilinde Si Szinpini we onuň  maşgalasyny Pen Liýuany Koreýanyň Zähmet partiýasynyň Baş sekretary, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yn we onuň maşglasy Li Sol Çžu garşylady.

Hytaýyň Lideri uçardan düşeninden soň, Kim Çen Yn bilen el gysyşyp salamlaşdy. Si Szinpine we onuň maşgalasy Pen Liýuana demirgazyk koreýaly çagalar tarapyndan gül desseleri sowgat berildi. 

Şol uçarda Phenýana Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýany bilen gelen beýleki resmi adamlar, şol sanda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Diwanynyň başlygy Saý Si we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I hem geldi.

Şeýle hem, Hytaýyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky ilçisi Wan Ýasýun olary howa menzilinde garşylady.


Beýleki habarlar