Kömür goşulan wodorod: hytaýly energetikler beketlerde 50 göterim arassa «ýaşyl» gazy ýakmagy öwrendiler. Bu klimat üçin näme aňladýar?

Ýylylyk berijilik ukyby boýunça 50 göterim wodorod, kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 50 göterime çenli azaltmak, ýerli pes azotly ýakyjy we toplumlaýyn howpsuzlyk ulgamy
Bu barada CCTV+ reportajynda aýdylýar.
Hytaý ekologiýa taýdan arassa energiýa öndürmekde tehnologiki öňegidişlik gazandy. Bu bolsa kömür bilen işleýän elektrik stansiýalarynda 50 göterim "ýaşyl" wodorod paýyny ulanmaga we wodorodyň 100 göterim ýandrylmagyna mümkinçilik berýär diýip, ýekşenbe güni “CHN Energy” döwlet energetika kompaniýasy habar berdi.
Bu üstünlik dünýäde iň uly elektrik energiýasyny sarp ediji bolan Hytaýyň özüniň “goşa kömürturşy balansy” maksatlaryna — ýagny 2030-njy ýyla çenli zyňyndylaryň iň ýokary derejesine ýetmek we 2060-njy ýyla çenli kömürturşy bitaraplygyna ýetmek ugrundaky ygtybarly ýollary gözleýän wagtynda mümkin boldy.
Ulgam Hytaýda işlenip düzülen, wodorod bilen kömüri bilelikde ýakmak üçin niýetlenen pes azotly ýakyjy esasynda işleýär. Ol wodorodyň daşalmagyndan başlap, peçde ýakylyşyna çenli her bir tapgyry gözegçilikde saklaýan toplumlaýyn gorag ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Bu tehnologiýa gazanyň içinde wodorodyň we owradylan kömüriň düýpli garyşmagyny we ýanmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, bu synag desgasynda ýylylyk berijilik ukyby boýunça wodorodyň 50 göterimlik gatnaşygyna ýetilýär.
Bu tehnologiýanyň giňden ornaşdyrylmagy kömüriň sarp edilişini we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 50 göterime çenli azaldyp biler, şeýle hem azot oksidiniň zyňyndylarynyň netijeli gözegçiligini üpjün eder.
Häzirki wagtda Hytaý dünýäde iň uly kömür bilen işleýän elektrik stansiýalar ulgamyny ulanýar. Kömürturşy yzyny azaltmagyň ýollaryny tapmak, gaýtadan işlenilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny artdyrmak bilen bir wagtyň özünde, energiýa ulgamynyň durnuklylygyny saklamak üçin örän möhüm hasaplanýar.
Bu täze öňegidişlik geljekde gömür elektrik stansiýalarynda kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ep-esli azaltmak üçin örän geljegi uly tehnologiki ýoly tassyklaýar we Hytaýyň kömür esasyndaky elektrik energiýasyny öndürmekde “ýaşyl” geçişi üçin uly ähmiýete eýedir.
«Ýaşyl» wodorod gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden (gün, ýel, suw) elektroliz arkaly alynýar. Wodorodyň kömür bilen bilelikde ýakylmagy, bar bolan kömür infrastrukturasyndan doly ýüz öwürmesizden, kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Kömür elektrik stansiýalary esasy hapalaýjylardyr. Ýöne eger olary bir günde ýapyp bolmasa, onda olary has arassa edip bolar. Hytaý muňa ýol tapdy: peje wodorod goşmak. Ýylylyk berijilik ukyby boýunça 50 göterim wodorod — bu indi tejribe däl. Bu eýýäm işleýän tehnologiýadyr. Az kömür — az zyňyndy. Şol bir kuwwat, emma iki esse arassa. Toplumlaýyn howpsuzlyk ulgamy, pes azotly ýakyjy, her bir tapgyryň gözegçiligi. Mesele kömür energetikasyny ekologik taýdan arassa edip boljakdygynda däl. Ony eýýäm edip bolýar. Mesele — dünýäniň şeýle garyşyk tehnologiýalara näderejede çalt geçjekdiginde. Başgalar jedel edýärkä, Hytaý eýýäm gurýar we zyňyndylary azaldýar. Edil gözüň öňünde.







