Hytaý bilen Laos täze döwürde ähli howa şertlerine durnukly umumy ykbal jemgyýetini gurmak barada ylalaşdylar

Iýun 07, 2026 | 23:15 |66
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Pekinde Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin döwlet sapary bilen Hytaýda bolýan Laosyň Halk-Rewolýusion Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit bilen gepleşik geçirdi.

Si Szinpin Hytaýyň Laosy hemişe goňşy döwletler bilen alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýändigini belläp, Hytaýyň Laos bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga we täze döwürde ähli howa şertlerine durnukly hytaý-laos umumy ykbal jemgyýetini gurmaga taýýardygyny aýtdy.

Thonglun Sisulit Laosyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny doly goldaýandygyny we Hytaý bilen ýokary derejeli syýasy ynanyşmagy pugtalandyrmaga taýýardygyny nygtady.

Si Szinpin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi boýunça dört esasy ugry öňe sürdi. Olar sosialistik ösüş ýoluna ygrarly bolmagy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döretmegi, iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlugy berkitmegi we daşary syýasat boýunça utgaşdyryşy güýçlendirmegi öz içine alýar.

Hytaýyň Baştutanynyň sözlerine görä, taraplar sosialistik gurluşy we kommunistik partiýalaryň ýolbaşçylyk ornuny bilelikde goramaly, partiýa hem-de döwlet dolandyryşy babatda tejribe alyşmalary çuňlaşdyrmaly.

Ol diplomatiýa, goranmak we jemgyýetçilik howpsuzlygy meseleleri boýunça “3+3” strategik dialog mehanizminiň döredilmeginden peýdalanyp, hukuk goraýjy edaralaryň we howpsuzlyk ulgamynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, serhetara jenaýatçylyga garşy göreşi güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Si Szinpin Hytaý-Laos ykdysady geçelgesiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hilini ýokarlandyrmaga taýýardygyny aýdyp, Hytaýyň, Laosyň we Taýlandyň demirýol ulgamlaryny birleşdirmek işlerini çaltlandyrmagyň hem-de sebitdäki özara baglanyşygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.

Hytaý Lideri oba hojalygy we elektroenergetika ýaly adaty ugurlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, şeýle hem emeli aň we sanly ykdysadyýet ýaly täze ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de Hytaýyň Laos tarapyna mundan beýläk hem goldaw berjekdigini belledi.

Ol häzirki ýylyň Hytaý-Laos dostluk ýyly hökmünde geçirilýändigini ýatladyp, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we sebitara alyşmalar ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy. Şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmäge we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen “kiçi, ýöne täsirli” taslamalaryň sanyny artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Si Szinpin Laosyň yzygiderli “Bir Hytaý” ýörelgesine eýerýändigine, Hytaýyň dört iri global başlangyjyny goldaýandygyna, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna işjeň gatnaşýandygyna we Hytaýyň möhüm bähbitlerine goldaw berýändigine ýokary baha berdi.

Ol Laosyň halkara we sebit meselelerinde has işjeň orun eýelejekdigine umyt bildirip, taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürip, Global Günorta ýurtlarynyň umumy bähbitlerini goramalydygyny aýtdy.

Thonglun Sisulit bu saparyň özüni Laosyň Prezidenti we Laosyň Halk-Rewolýusiýa Partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanandan soňky ilkinji resmi daşary ýurt saparydygyny, şeýle hem onuň Laos bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 65 ýyllygy we Laos-Hytaý dostluk ýyly bilen gabat gelýändigi sebäpli aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Onuň sözlerine görä, Hytaý sosialistik ulgamyň we ösüp barýan ýurtlaryň öňdebaryjy nusgasy bolup, dünýä parahatçylygyny goramakda we köptaraply dünýä gurluşyny ösdürmekde ygtybarly daýançdyr. Hytaýyň ösüş tejribesi köp sanly ösüp barýan ýurtlar, şol sanda Laos üçin hem gymmatly görelde bolup hyzmat edýär.

Thonglun Sisulit Laosyň “Bir Hytaý” ýörelgesine berk ygrarlydygyny we Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen möhüm global başlangyçlary goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Thonglun Sisulit Laos tarapynyň goranmak, hukuk goraýjy edaralar we howpsuzlyk ulgamlarynda Hytaý bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, internet arkaly geçirilýän humar oýunlaryna, telekommunikasiýa galplyklaryna we beýleki jenaýatlara garşy bilelikde göreşmäge taýýardyr. Şeýle hem söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlary, magdan baýlyklaryny özleşdirmek, arassa energiýa, sanly ykdysadyýet, döwrebap oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlary pugtalandyrmak isleýändigini aýtdy.

Gepleşikleriň tamamlanmagyndan soň taraplar partiýalar arasyndaky gatnaşyklar, ilatyň abadançylygy, maliýe, gümrük işi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ýaşlar alyşmalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekilmegine şaýat boldular.

Gepleşikleriň öňüsyrasynda Si Szinpin we onuň aýaly Pen Liýuan Pekindäki Halk mejlisler öýüniň öňündäki meýdançada Thonglun Sisulit we onuň aýaly Nali Sisuliti resmi garşy alyş dabarasynda garşy aldylar. Agşam bolsa olaryň hormatyna resmi kabul edişlik geçirildi.

Beýleki habarlar