Si Szinpin: Hytaý Laosy goşny döwletlere bolan daşary syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýar

Hytaý elmydama Laosy goşny döwletlere bolan daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde görýär we ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä götermek, şeýle hem täze eýýamda hytaý-laos bitewi ykbal bileleşigini kemala getirmek üçin Laos bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyr. Bu barada 5-nji iýunda Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mälim etdi.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin, şol gün Hytaýda döwlet saparynda bolýan Laos Halk rewolýusion partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary, Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulit bilen gepleşikler geçirdi.
“Hormatly ýoldaş Baş sekretar Thonglun Sisulit, sizi Hytaýda hoş gördük. Hytaý tarapy Laosy goşny döwletlere bolan daşary syýasatynyň elmydama möhüm ugry hasaplaýar we Laosyň öz milli aýratynlyklaryna laýyk gelýän sosializm ýoly bilen gitmegini berk goldaýar. Hytaý, ikitaraplaýyn däp bolan dostlugy mundan beýläk-de ösdürmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, agzybirligi we özara gatnaşyklary berkitmek üçin laos tarapy bilen işleşmäge taýýardyr. Bu bolsa hytaý-laos gatnaşyklarynyň täze depginli ösüşine we täze eýýamda hytaý-laos bitewi ykbal bileleşigini bilelikde gurmaga ýol açar” diýip, Hytaýyň Lideri belledi.
“Wekiliýete ýolbaşçylyk edip, Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrmak men üçin uly mertebedir. Siz bilen ýene-de duşuşmaga döredilen mümkinçilige aýratyn şatdyryn. Siz — Laos Halk rewolýusion partiýasynyň, Laosyň Hökümetiniň we halkynyň çuňňur hormatlaýan hem-de ynanýan ýakyn ýoldaşy we dostusyňyz. Bu saparyň iki partiýanyň we ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň arasyndaky özara ynamy has-da berkitjekdigine ynanýaryn” – diýip, Laosyň Lideri nygatdy.







