Si Szinpin Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 25-nji maýda, duşenbe güni Hytaýa resmi sapar bilen gelen Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşdy. Duşuşyk Pekindäki Halk maslahatlary köşgünde geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Si Szinpin halkara ýagdaýlaryň nähili üýtgeýändigine garamazdan, Hytaýyň Pakistan bilen gatnaşyklary ösdürmegi özüniň goşny ýurtlara bolan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hemişe yzygiderli görýändigine ynandyrdy. Taraplar täze döwürde has ýakyn hytaý-pakistan bitewi ykbal bileleşigini kemala gelmegini çaltlandyrmalydyrlar, iki ýurduň halklaryna has köp peýda getirmek, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge goşant goşmak hem-de goşny ýurtlar bilen bitewi ykbal bileleşigini gurmakda görelde bolmak üçin ähli şertlerde durnukly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze netijeleri gazanmalydyrlar.
Si Szinpin Hytaýyň Pakistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goramakda ony berk goldaýandygyny belläp, ýokary derejeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamaga we strategik hyzamatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny nygtady. Ol Hytaý bilen Pakistanyň bitewi ykbal bileleşigini gurmak boýunça iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini düýpli öňe sürmäge, oba hojalygy, senagat, emeli aň we zehinli hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle hem sebitdäki parahatçylyk we durnuklylyk ugrunda howpsuzlyk pudagyndaky özara täsiri giňeltmäge çagyrdy.
Hytaý Pakistanyň Ýakyn Gündogarda parahatçylygy dikeltmekdäki hoşniýetli erkine we işjeň araçylyk ornuna ýokary baha berýär diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy belledi. Şunda ol bir taraplylyga we “sowuk uruş” düşünjesine bilelikde garşy durmaga, şeýle hem deňhukukly we tertipli köp polýarly dünýäniň hem-de ählumumy elýeterli we inklýuziw ykdysady ählumumylaşmanyň kemala gelmegine ýardam bermäge çagyrdy
Şahbaz Şarif, öz gezeginde, Pakistanyň «bir Hytaý» ýörelgesine berk ygrarlydygyny we Hytaýyň özüniň esasy bähbitlerine degişli ähli meseleler boýunça eýeleýän ornuny goldaýandygyny belledi. Pakistan döwlet dolandyryşy pudagynda Hytaýyň tejribesini öwrenmäge, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we Hytaý-Pakistan ykdysady geçelgesiniň gurluşygyny öňe sürmäge, şeýlelikde halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge taýýardyr.
Pakistanyň Premýer-ministri, şeýle hem, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşiklerde Pakistanyň araçylyk tagallalaryny goldandygy üçin Hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Başlyk Si Szinpin tarapyndan Ýakyn Gündogardaky ýagdaý boýunça öňe sürülen dört teklip parahatçylyga ýetmek üçin esasy gollanma bolup hyzmat edýär diýip, Şahbaz Şarif belledi.







