Si Szinpin Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen duşuşyk geçirdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 25-nji maýda Pekindäki Halk maslahatlary köşgünde Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrýan Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Si Szinpin Hytaýyň we Serbiýanyň kyn, emma şöhratly taryha eýedigini, berk we durnukly ruhy häsiýetleri bilen tapawutlanýandygyny hem-de milli mertebesini goraýandyklaryny belledi. Dünýä näçe durnuksyz boldugyça, Hytaý bilen Serbiýanyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, özara ynamy berkitmegiň, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we özara goldawy güýçlendirmegiň zerurlygy şonça-da aýdyň ýüze çykýar. Bu bolsa bitewi ykbal bileleşigini gurmaga we ählumumy rowaçlyga tarap aýdyň ýoly bilelikde açmaga mümkinçilik berer.
Soňra ol emeli aň, sanly ykdysadyýet, ýaşyl energetika we öňdebaryjy önümçilik ýaly täze geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, şeýle hem ýaşlar we ynsanperwer alyş-çalyşlaryny artdyrmagy, medeniýet, bilim, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi teklip etdi.
Dünýädäki durnuksyzlyk şertlerinde, Hytaý we Serbiýa halkara işlerinde utgaşyklygy we özara täsiri güýçlendirmegini dowam etdirmelidirler, dowamly köp taraplylygy iş ýüzünde ulanmalydyrlar hem-de deňhukukly we tertipli köp polýarly dünýäni, ählumumy elýeterli inklýuziw ykdysady globallaşmany üpjün etmek, şeýle-de adamzadyň bitewi ykbal bileleşigini gurmak üçin yzygiderli tagallalar etmelidirler diýip, Si Szinpin nygtady.
Aleksandr Wuçiç, öz gezeginde, Serbiýanyň Hytaý bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini we Hytaýyň esas goýujy bähbitlerini üýtgewsiz goldaýandygyny mälim etdi. Ol Serbiýanyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde ýokary derejeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek, ynsanperwer alyş-çalyşlary giňeltmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklarda has aýdyň netijeleri gazanmak üçin Hytaý bilen bilelikde işlejekdigine ynam bildirdi.
Hytaý uly döwlet hökmünde kiçi ýurtlara hemişe deňhukukly tarap hökmünde hormat goýýar, halkara hukugynyň kadalaryna eýerýär we bütin dünýäde adalatlylyga hyzmat edýär. Serbiýa köp sanly kynçylyklary ýeňip geçmek hem-de dünýäde parahatçylyk we adalatlylyk baradaky ählumumy syýasaty öňe sürmek maksady bilen Hytaý bilen hyzmatdaşlyk etmäge meýillidir diýip, Serbiýanyň Lideri belledi.
Iki döwletiň Baştutanlary duşuşykdan soňra, hökümetara hyzmatdaşlygy baradaky birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar.
Taraplar, şeýle hem, täze döwürde Hytaý-Serbiýa bitewi ykbal bileleşiginiň gurluşygyny kem-kemden kemala getirmek hakynda bilelikdäki beýannama we indiki dört başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça bilelikde hereket etmek hakyndaky beýannama gol çekdiler.
Agşam Si Szinpin we onuň maşgalasy hanym Pen Luan, Aleksandr Wuçiçiň we onuň maşgalasy hanym Tamara Wuçiçiň hormatyna dabaraly agşamlyk naharyny guradylar.







