Hytaýyň we Pakistanyň Liderleri diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli birek-birege gutlaglaryny ýolladylar

Penşenbe güni Hytaýyň Başlygy Si Szinpin we Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny alyşdylar. Si Szinpin Hytaý bilen Pakistanyň daglar we derýalar bilen baglanyşan, şatlygy-da, gussany-da deň paýlaşýan hoşniýetli dostlardygyny we strategik hyzmatdaşlardygyny belledi.
Hytaýyň Başlygy mundan 75 ýyl ozal diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan pursadyndan bäri, halkara ýagdaýlaryň nähili üýtgeýändigine garamazdan, Hytaý bilen Pakistanyň arasyndaky dostlugyň elmydama berk we sarsmaz bolup galandygyny aýtdy.
Si Szinpin iki ýurduň uzak wagtlap özara syýasy ynamyň, amaly hyzmatdaşlygyň, howpsuzlyk we halkara gatnaşyklar ugrundaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklap, döwletara gatnaşyklar üçin nusga bolandygyny belläp, sözüniň üstüne ýetirdi.
Başlyk Si Szinpin hytaý-pakistan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini we strategik gatnaşyklary berkitmek, däp bolan dostlugy ösdürmek, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de täze döwürde has ýakyn hytaý-pakistan umumy ykbal bileşigini gurmagy çaltlandyrmak üçin Prezident Zardari bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. Bu bolsa hytaý-pakistan gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine has köp peýda getirmegine we sebit parahatçylygyna hem-de ösüşine goşant goşmagyna gönükdirilendir.
Asif Ali Zardari her dürli şertlerde durnukly pakistan-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň wagtyň synagyndan geçendigini we sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň ygtybarly sütünine öwrülendigini belledi.
Prezident Asif Ali Zardari pakistan tarapynyň Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen birnäçe möhüm ählumumy başlangyçlara ýokary baha berýändigini we Si Szinpiniň pakistan-hytaý gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de täze döwürde has ýakyn pakistan-hytaý umumy ykbal bileleşigini gurmaga ygrarlylygyna uly hormat goýýandygyny aýtdy.
Pakistan özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goramakda, şeýle hem ykdysady we durmuş ösüşine ýardam etmekde berýän yzygiderli goldawy üçin Hytaýa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär we Hytaýyň esasy bähbitlerine degişli meselelerde ony goldamagy dowam etdirer. Bu bolsa pakistan-hytaý dostlugyny has ýokary derejä göterer diýip, Pakistanyň Prezidenti belledi.
Şol gün Hytaýyň Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan we Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif hem özara gutlag hatlaryny alyşdylar.
Li Sýan Hytaýyň agzybirligi we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin Pakistan bilen işleşmäge, şeýle hem Hytaý-Pakistan ykdysady geçelgäniň kämilleşdirilen 2.0 görnüşini işjeň ösdürmäge taýýardygyny mälim. Bu bolsa Hytaý bilen Pakistanyň arasyndaky "her dürli howa şertlerine durnukly" strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmäge ýardam eder.
Şahbaz Şarif pakistan-hytaý gatnaşyklarynyň özara ynama, özygtyýarly deňlige we parahatçylyga hem-de ösüşe bolan umumy maksatlara esaslanýandygyny belledi. Pakistan tarapy hytaý-pakistan ykdysady geçelgesiniň ýokary hilli ösdürilmegini goldamaga we pakistan-hytaý hyzmatdaşlygy üçin yzygiderli täze ugurlary açmaga doly ygrarlydyr diýip, Pakistanyň Premýer-ministri belledi.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekiliniň penşenbe güni beren habaryna görä, Li Sýanyň çakylygy boýunça Şahbaz Şarif 23-26-njy maý aralygynda Hytaýa resmi saparda bolar.







