Ýanszy deltasy — Hytaýyň robototehnika merkezi: adamşekilli robotlardan başlap, sensor jülgelerine we dünýä modellerine çenli

Suçžou, Benbu, Hançžou we Şanhaý — sebit ýüzlerçe kompaniýany, müňlerçe sensory we önümçiligiň täsin tizligini özünde jemleýär.
“CCTV+”-iň habar berşine görä, Ýanszy derýasynyň deltasy robototehnikanyň toplumlaýyn ösdürilmegi netijesinde Hytaýyň intellektual geljegini kemala getirýär. Bu sebit Szýansu, Çžeszýan, Anhoý welaýatlaryny we Şanhaý şäherini öz içine alýar. Bu ýerde ýurt boýunça adamşekilli robotlar bilen meşgullanýan iň köp sanly kompaniýa ýerleşýär.
Szýansu welaýatynyň Suçžou şäherinde ýerli öndürijiler täsin hereketleri ýerine ýetirmäge ukyply robotlary döredýärler — olar hakyky ýöreýişden we ylgawdan başlap, çylşyrymly gimnastiki tilsimlere çenli başarmagy başarýarlar.
"MagicLab" kompaniýasynyň tehniki direktory Çen Çunýuý şeýle düşündirdi: «Şeýle hereketi ýerine ýetirmek üçin bogun modullarynyň işlemegi uly ähmiýete eýedir. Olar adamyň myşsalaryna meňzeýär we ýeterlik derejede güýçli itergi döretmeli».
Szýansunyň senagat ekoulgamy netijesinde robot bedenleriniň önümçiligi has netijeli boldy. «Eger men buýurmany şu gün goýsam, köp serişdeler bir hepdäniň içinde getiriler. Bu bize önümleri çalt döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin köp kompaniýalar Szýansuda galmagy we ösmegi makul görýärler» diýip, Çen sözüniň üstüni ýetirdi.
Anhoý welaýatynda senagat «jülgeleri» ösýär. Benbu şäheriniň Sensor jülgesinde mikroeletromehaniki ulgamlar (MEMS) işlenip düzülýär. Bu ujypsyzja, ýeňil we örän duýgur düzüm bölekleri robotlara dünýäni duýmaga hem-de onuň bilen özara täsir etmäge kömek edýär. Bir robota 50-ä golaý datçik gerek bolup biler. Benbuda 200-e golaý sensor kompaniýasy jemlendi.
Çžeszýanyň paýtagty Hançžouda bolsa “embodied AI” bilen baglanyşykly 800-den gowrak kompaniýa ýerleşýär. “Hangzhou Xynova Technology” kompaniýasynyň satuw boýunça direktory Fan Çžunýan şeýle diýdi: «Men Hançžounyň energiýadan we innowasiýa ruhundan doludygyny duýýaryn. Bu ýerde döwlet goldawy we öňdebaryjy zehinlere elýeterlilik örän ýokary derejededir».
Hançžouda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda 2026-njy ýylyň Bahar baýramy mynasybetli geçirilen gala-konsertde kunfu-robotlary bilen uly meşhurlyk gazanan “Unitree” hem ýerleşýär.
Şanhaýda bolsa emeli aň ulgamy boýunça alym, “ACE Robotics” kompaniýasynyň başlygy Wan Sýaogan «dünýä modelini» — ýagny «robotlar üçin şahsy beýnini» işläp düzýär. Wan şeýle düşündirdi: «Dünýä modeli adamlaryň daşky gurşaw bilen özara täsirini nusga almagyň we fiziki kanunlara düşünmegiň üsti bilen öwenýär. Şeýle model robotlara çylşyrymly wezipeleri we amallary ýerine ýetirmäge kömek edýär».
Ýanszy deltasy — bu diňe bir sebit däl. Bu Hytaýyň robototehnika merkezi. Suçžou bogunlary ýasaýar, Benbu — datçikleri, Hançžou — beýnini, Şanhaý bolsa — dünýä modellerini öndürýär. Bularyň hemmesi bitewi bir beden bolup işleýär. Buýurma şu gün goýulsa — serişdeler bir hepdeden geler. Bir jülgäniň özünde iki ýüz töweregi kompaniýa, bir şäherde bolsa sekiz ýüz kompaniýa jemlenen. Hytaý diňe bir robotlary ýygnaman, eýsem bitewi bir ekoulgamy kemala getirýär. Mesele bäş ýyldan soň näçe robotyň boljakdygynda däl. Mesele — kim bu tizlik, gerim we sazlaşyk bilen bäsleşip biler? Beýlekiler entek ýetjek bolup dyrjaşýarka, Ýanszy deltasy eýýäm öňe ylgap barýar. Iki aýagynda, dört aýagynda we ýüzlerçe sensor tigirjiklerinde.







