Si Szinpin Wladimir Putin bilen çaý başynda duşuşyk geçirdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 20-nji maýda Pekindäki Halk mejlisler öýünde çaý başynda duşuşyk geçirdiler.
Duşuşygyň dowamynda hytaý lideri özüniň Prezident Wladimir Putin bilen köp ýyllaryň dowamynda ýygy-ýygydan we ýakyn gatnaşyklary saklap gelendigini, bilelikde özara hormat, adalatlylyk, bitaraplyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan iri döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň täze nusgasyny döredendigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu gatnaşyklar üýtgäp duran we durnuksyz dünýä gymmatly durnuklylygy getirdi.
Taraplaryň giňişleýin hyzmatdaşlyk we strategik özara gatnaşyklar boýunça täze möhüm ylalaşyga gelendigini bellän Si Szinpin, iki tarapyň irginsiz aladalarynyň netijesinde Hytaý-Russiýa gatnaşyklarynyň ýokary hilli ösüş depginini saklap, günsaýyn täze derejelere çykjakdygyna ynam bildirdi.
Wladimir Putin bolsa bu saparyň dowamynda alnyp barlan işleriň üstünlikli, netijeli we baý mazmunly bolandygyny aýtdy. Şeýle-de ol özüniň we Si Szinpiniň soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ýerine ýetirilen ähli işleri jemländigini, meseleleriň giň toplumy boýunça çuňňur pikir alyşandygyny hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitländigini belledi.
Sözüniň ahyrynda Wladimir Putin Russiýanyň Hytaý bilen ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmäge, strategik utgaşdyrylyşy berkitmäge hem-de rus-hytaý gatnaşyklarynyň durnuklylygy we anyklygy arkaly dünýäniň parahatçylygy hem-de abadançylygy ugrunda täze goşant goşmaga taýýardygyny aýtdy.







