Si Szinpin bilen Wladimir Putin Hytaýyň we Russiýanyň bilim ýyllarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Maý 21, 2026 | 18:01 |50
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 20-nji maýda Pekindäki Halk mejlisler öýünde geçirilen Hytaý bilen Russiýanyň özara bilim ýyllarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.


Hytaý lideri çykyşynda şu ýylyň Hytaý bilen Russiýanyň giňişleýin hyzmatdaşlygyň we strategik özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de iki ýurduň arasynda Hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlyk baradaky şertnamanyň gol çekilmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilýändigini ýatlatdy.


“Hytaý-rus bilim hyzmatdaşlygy ýyllarynyň şeýle möhüm ýylda başlanmagy — bu meniň we Prezident Putiniň hytaý-rus gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin ösüşinden ugur alyp kabul eden strategik çözgüdimizdir” diýip, Si Szinpin aýtdy. Şeýle hem ol Hytaý bilen Russiýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň uzak ýyllaryň dowamynda yzygiderli çuňlaşandygyny we anyk netijeleri getirendigini belledi.


Hytaýyň döwlet baştutany hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-barlag edaralarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle-de ol dünýä derejesindäki hünärmenler toparyny bilelikde taýýarlamagyň, strategik taýdan möhüm ylmy-barlag mümkinçiliklerini berkitmegiň we çylşyrymly ylmy meseleleri çözmekde güýçleri birleşdirmegiň iki ýurduň innowasion ösüşini ilerletjekdigini aýtdy.


Si Szinpin siwilizasiýalaryň özara baýlaşmagy baradaky düşünjäni durmuşa geçirmäge, özara hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermäge, medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek, şeýle hem bilim ulgamyny dolandyrmak boýunça tejribe alyşygyny ösdürmäge çagyrdy. Şeýle hem ol hünär işiniň derejesini ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny aýtdy.


Hytaý lideriniň bellemegine görä, däbe öwrülen dostlugy dowam etdirmek, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly açmak, iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we ýakynlygy ösdürmek, ýaş nesilleriň arasynda dostlugy berkitmek hem-de Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky baky dostlugyň mynasyp dowam etdirijilerini terbiýelemek möhümdir.


Wladimir Putin öz çykyşynda bilimiň iki ýurduň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlygyň we strategik özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Russiýada-da, Hytaýda-da ýokary hilli bilimiň şahsyýetiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň, adamlaryň öz mümkinçiliklerini açmagynyň we hünär taýdan ösmeginiň esasy binýady bolup durýandygyna gowy düşünilýär.


Bilim ýyllarynyň maksatnamasynyň baý we köpugurlydygyny bellän Wladimir Putin, Russiýanyň hytaý tarapy bilen bilim hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly ýaş nesilleriň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga, rus-hytaý dostlugynyň dowamlylygyny üpjün etmäge we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Beýleki habarlar