Hytaý-Russiýa gatnaşyklary uly üstünlikleriň we çalt ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar: Si Szinpin

Maý 21, 2026 | 18:00 |51
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çarşenbe güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşiklerinde Hytaý-Russiýa gatnaşyklarynyň uly üstünlikleriň we çalt ösüşiň täze tapgyryna gadam basandygyny aýtdy.


Si Szinpin Pekindäki Uly Halk mejlisler köşgünde geçirilen gepleşiklerde Putini we gatnaşan ähli rus dostlaryny mähirli garşy aldy.


Si Szinpin soňky ýyllarda durnuksyz we dartgynly halkara ýagdaýynyň şertlerinde Hytaý bilen Russiýanyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynsaplylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan täze nesil giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyny ösdürendigini aýtdy.


Onuň bellemegine görä, syýasy özara ynanyşmak has-da pugtalandy, söwda we ykdysadyýet, maýa goýumlary, energetika, ylym we tehnologiýa, halkara we sebit derejesindäki alyşmalar ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösýär, şeýle hem iki halkyň arasyndaky gatnaşyklar has-da berkedi.


Iki ýurduň ýolbaşçylary Hytaý-Russiýa Hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany mundan beýläk-de giňeltmek barada ylalaşdylar.


“Hytaý-Russiýa gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin, sagdyn, durnukly we ýokary hilli ösüşini üýtgewsiz öňe sürmek — bu meniň we Prezident Putiniň iki ýurduň düýpli bähbitlerinden hem-de dünýä ösüşiniň umumy meýillerinden ugur alyp bilelikde eden strategik saýlawymyzdyr. Biz Prezident Putin bilen Hytaý-Russiýa Hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany mundan beýläk-de giňeltmek barada ylalaşdyk. Iki tarap hem gazanylan ylalaşyklary doly durmuşa geçirmeli, taryhy mümkinçiliklerden peýdalanmaly, özara ynanyşmagyň binýadyny has-da berkitmeli, hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmaly we dostluk ýoluny giňeltmeli” diýip, Si Szinpin aýtdy.


“Şu ýyl 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň (2026–2030) başlanýan ýylydyr. Ýurdumyz hytaý döwrebaplaşdyrmasynyň üsti bilen beýik döwleti gurmakda we milli täzeden galkynyşy ähli ugurlar boýunça ilerletmekde täze ösüşleri gazanmagy dowam etdirer, ýokary derejeli açyklygy giňelder we ösüş mümkinçiliklerini Russiýa hem-de dünýäniň beýleki ýurtlary bilen paýlaşyp, hemmeler üçin has gowy geljegi döretmäge çalyşar” diýip, Si Szinpin uly toparlaýyn gepleşikleriň dowamynda aýtdy.

Beýleki habarlar