Elektrifikasiýa, emeli aň we rekordlar: Hytaýyň awtoulag senagaty her 30 sekuntda bir ulag satýar

Bir ýylda 1,45 million awtoulag eksport edildi, her gün 4000 maşyn, täze energiýaly awtoulaglarynyň eksportynda 68,1 göterim ösüş we SAIC kompaniýasyna geçen ýewropaly dizaýner.
“CCTV+” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Hytaýyň awtoulag öndürijileri elektrifikasiýanyň we intellektual innowasiýalaryň öňdebaryjylary hökmünde ykrar edildi. Emeli aňyň çuňňur integrasiýasy we halkara zehinleriň çekilmegi pudagy täze derejä çykarýar.
Tehnologiki itergi täze energiýa awtoulaglarynyň eksportynyň yzygiderli ösmegini üpjün etdi. 2026-njy ýylyň ilkinji aýlarynda olaryň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 68,1 göterim ýokarlandy.
Şanhaýyň “Haýtun” halkara awtoulag terminalynda her gün takmynan 4000 awtoulag işlenilip geçirilýär. Geçen ýyl Hytaý bu port arkaly 1,45 milliondan gowrak ulag eksport etdi. Bu bolsa Hytaýda öndürilen bir awtoulagyň takmynan her 30 sekuntda bir gezek satylýandygyny aňladýar.
“Haitong Co., Ltd.” Şanhaý halkara awtoulag terminalynyň işgäri Li Genzýun şeýle gürrüň berdi: «Bir gämi 3700-e çenli awtoulag daşap bilýär. Olaryň agramly bölegi täze energiýa awtoulaglarydyr we olaryň hemmesi Awstraliýa ugradylýar. Bir gatnawda biz 5700-e çenli maşyny kabul edýäris. Bu biziň adaty iş günümiz».
2026-njy ýylyň ilkinji aýlarynda Şanhaý porty 109,13 milliard ýuan (takmynan 14,9 milliard ABŞ dollary) möçberinde täze energiýa awtoulaglaryny eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 62,5 göterim ýokarydyr.
Hytaýyň awtoulag senagatynyň eksportynyň göwrüminiň we bahasynyň goşa ösüşi — hytaý kärhanalarynyň amala aşyrýan innowasiýalarynyň netijesidir.
Şanhaýdaky SAIC gözleg we işläp düzüş merkezinde dünýäde emeli aň arkaly dolandyrylýan arhitektura eýe bolan ilkinji awtoulag nusgasy tanyşdyryldy. Bu bolsa Hytaýyň akylly awtoulag gurluşygyndaky iň soňky gazananlaryny görkezýär.
“SAIC Motor” ählumumy derejedäki işläp düzmek merkeziniň wise-prezidenti Ýozef Kaban hytaý kärhanalarynyň we sarp edijileriniň täze tehnologiýalary kabul etmekde ýokary dereje görkezýändiklerini belledi. Bu ýerde önümleriň täzeleniş döwürleri örän çalt geçýär.
Ýozef Kaban iň kämil tehnologiýalaryň ýewropaly dizaýn filosofiýalary bilen utgaşmagynyň innowasiýalar üçin oňaýly şertleri döredendigine ynanýar. Indi emeli aň arkaly dolandyrylýan arhitekturany we maglumat algoritmlaryny täze energiýa awtoulaglarynyň dizaýnyna integrirlemek mümkindir. Emeli aň modelleri ulgamynda iri hytaý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, ulanyjylaryň ähli isleglerini kanagatlandyrýan awtoulaglary döretmäge mümkinçilik berýär.
Ýozef Kaban şeýle düşündirdi: «Bizim üçin emeli aň örän möhümdir. Ol diňe bir hereketi dolandyrmaga däl, eýsem dürli datçiklerden gelýän maglumatlary utgaşdyrmaga-da mümkinçilik berýär. Maşyn diňe bir ýoly däl, eýsem sürüjini hem düşünyär. Ol syýahaty mümkin boldugyça oňaýly etmek üçin sürüjiniň keýpine we endiklerine uýgunlaşyp bilýär».
2024-nji ýylda Ýozef Kaban hytaý awtoulag öndürijisine goşuldy. Mundan ozal ol “Skoda”, “BMW”, “Rolls-Royce” we “Volkswagen” ýaly kompaniýalarda wezipeleri eýeläpdi. Onuň pikiriçe, dünýäniň awtoulag dizaýnynyň umumy keşbi düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Hytaý bolsa bu üýtgeşmeleriň merkezinde ýerleşýär.
Ýozef Kaban: «Awtoulag senagaty çuňňur özgerişi başdan geçirýär we Hytaý bu prosesiň merkezinde durýar. SAIC-iň gerimi, kuwwaty, tehnologiki çözgütleri — bularyň hemmesi dünýä bazaryndaky aratapawudy azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu taslamanyň bir bölegi bolmak meniň üçin uly mertebedir» — diýip, belledi.
Her 30 sekuntda bir awtoulag. Ýylda 1,45 million maşyn. 68 göterim ösüş. Hytaýyň awtoulag senagaty indi başgalara ýetişjek bolmaýar — ol indi depgini özi belleýär. Muny bolsa baha bilen däl-de, tehnologiýalar arkaly amala aşyrýar. Ýewropaly dizaýnerler hytaý kompaniýalaryna geçýärler, sebäbi bu ýerde geljek has çalt gelýär. Awtoulagdaky emeli aň — indi diňe bir goşmaça mümkinçilik däl. Bu eýýäm bir arhitekturadyr. Mesele Hytaýyň ýene näçe maşyn satjakdygynda däl. Mesele, dünýäniň galan böleginiň haçan «muny kim ýasady» diýen soragy goýup, «olarda bu nähili beýle çalt başardýar» diýen soragy berip başlamagyndadyr. Jogap bolsa konweýerde — ol ýerde her ýarym minutda täze bir awtoulag dünýä inýär.







