Guanside 5,2 bal derejesindäki ýer titremeden soň üç adam dereksiz ýitdi

Maý 18, 2026 | 19:40 |57
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


CCTV+ habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni ir säher bilen Hytaýyň Guansi-Žuan awtonom sebitiniň günorta böleginde ýerleşýän Lýuçžou şäherinde 5,2 bal derejesinde ýer ýertitreme boldy. Ýerli häkimiýetleriň habar bermegine görä, üç adam dereksiz ýitdi, ýene dört adam bolsa hassahana ýerleşdirildi.

Hytaýyň Seýsmiki ulgam merkeziniň maglumatlaryna görä, ýer titreme sagat 00:21-de Lýunan etrabynda, sekiz kilometr çuňlukda ýüze çykdy. Esasy sarsgyndan öň we soň, jemi 2,2 baldan 3,2 bala çenli bolan bäş sany ýer titreme hasaba alyndy.

Duşenbe güni sagat 04:00-daky ýagdaýa görä, ýertitreme 13 binanyň ýykylmagyna sebäp boldy. 7000-den gowrak ýaşaýjy ewakuasiýa edildi.

Halas ediş işlerini gyssagly kömek gulluklary, ýangyn söndürijiler we polisiýa amala aşyrýar. Guansidäki ýer titremäniň netijelerini aradan aýyrmak boýunça sebitleýin merkez sagat 02:00-da üçünji derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Döwlet geňeşiniň ýer titremäniň netijelerini aradan aýyrmak boýunça edarasy we Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi dördünji derejeli adatdan daşary ýagdaý düzgünini işe girizdi hem-de duşenbe güni ýerli häkimiýetleriň ýer titremäniň netijelerini aradan aýyrmak boýunça edýän tagallalaryna goldaw bermek üçin ejir çeken sebitlere iş toparyny iberdi.

Lýunan etrabynyň Taýýansun şäherçesiniň Şanden obasy iň köp zeper ýeten ýer boldy, ol ýerde birnäçe bina harabaçylyga öwrüldi. Häzirki wagtda halas edijiler weýrançylyklaryň arasynda gözleg-halas ediş işlerini geçirýärler. Häkimiýetler dereksiz ýiten üç adamyň harabaçylygyň aşagyndadygyny tassykladylar.

Şeýle-de, seýsmiki waka Taýýansun şäherçesiniň Lýuçžou aýlaw awtomobil ýolunyň bir böleginde ýer süýşmesine sebäp boldy. Bu ýagdaý möhüm magistralda gatnawyň bökdemegine we sürüjileriň aýlawly ýollary gözlemegine getirdi.

Beýleki habarlar