Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynda zenanlar we emeli aň: Şanhaý forumy çemeleşmäni üýtgedýär. «Zenananlar ykdysadyýete gatnaşyp bilse — ol has gowy ösýär».

200-den gowrak gatnaşyjy, 21 ykdysadyýet, Hytaýyň ýylynda 300 çäre we zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek boýunça Şanhaý başlangyjy.
Şanhaýda Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň 2026-njy ýyl üçin «Zenanlar we ykdysadyýet» forumy açyldy. Esasy mowzuk — emeli aň döwründe zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek.
Ministrler derejesindäki iki günlük çäre «Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde umumy rowaçlyk üçin zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» şygary astynda geçirilýär. Ol Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygyna agza ýurtlardan 200-den gowrak gatnaşyjyny özüne çekdi.
Ýokary wezipeli resmiler, bilermenler, alymlar we işewürligiň wekilleri zenanlaryň sanly özgerişler, telekeçilige we innowasiýalara gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşýarlar.
Zenanlaryň ähli pudaklara we ugurlara çekilmegi indi diňe bir durmuş meselesi däl-de, eýsem ösüş strategiýasydyr – diýip, wekiller bellediler.
Awstraliýanyň gender deňligi boýunça ilçisi Mişel O'Baýrn: «Zenanlar ykdysadyýete doly derejede gatnaşyp bilenlerinde, ykdysadyýetiň has gowy ösýändigini, ýurtlaryň we sebitleriň has gowy ösýändigini biz bilýäris. Pikrileri alyşmak we mümkinçilikleri artdyrmak üçin ykdysadyýetleri birleşdirip bilenimizde, iň gowy netijelere ýetýäris. Men köp milletli ulgamyň we şeýle çäreleriň geçirilmegine sebäp bolan özara gatnaşyklaryň uly tarapdarydyryn» diýip, belledi.
Häzirki wagtda zenanlar dünýädäki alymlaryň üçden birinden hem azyny düzýärler. Bu gender gapma-garşylygyny azaltmak diňe bir adalatlylyk meselesi bolman, eýsem ylmyň, tehnikanyň we innowasiýalaryň hiliniň, ähmiýetiniň hem-de täsiriniň iň möhüm tarapydyr – diýip, maslahata gatnaşyjylar belleýärler.
Köp adamlar täze we ösüp gelýän tehnologiýalar bilen bagly meselelere ünsi çekdiler. Olaryň gender deňligine ýetirýän täsirini äsgermezlik edip bolmaz.
Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady hyzmatdaşlyk geňeşiniň Halkara sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory Kaýewkamol Pitakdumrongkit şeýle düşündirdi: «Mälim bolşy ýaly, emeli aň modellerinde ynamsyzlyk bar ýa-da algoritmler jemgyýetiň belli bir gatlaklaryna garşy garaýyşly bolup biler. Zenanlar emeli aňy ösdürmäge we ony hiç kimi çetde galdyrman köpçülikleýin ulanmaga girizmäge kömek etmek üçin ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşyp bilerler».
Malaýziýanyň Zenanlaryň işi, maşgala we jemgyýetçilik ösüşi ministrliginiň baş sekretary Maziýa Çe Ýusoff «Biz adaty bolmadyk pudaklarda işlemäge hakykatdan hem taýýar. Biz, zenanlar, şol bir wagtda “ýaşyl” ykdysadyýete we ýokary tehnologiýaly ykdysadyýete hem gatnaşýarys. Şu gün bolsa biz emeli aň we tehnologiýa gönükdirilen pudaklar barada gürleşýäris. Biz diňe bir gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem geljekde aýallaryň ösüşiň ugruny kesgitläp biljekdigine umyt edýäris» - diýip, belledi.
Forumda zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň Şanhaý başlangyjynyň hödürlenmegine garaşylýar. Ol sebitde zenanlaryň ösüşini ilerletmek üçin täze garýyşlary we amaly maslahatlary hödürlär.
2026-njy “Hytaý ýylynyň” dowamynda Hytaýyň dürli şäherlerinde Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň 300-e golaý çäresini geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň iň ýokary nokady bolsa Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň ykdysady liderleriniň 33-nji duşuşygy bolar. Ol noýabr aýynda Hytaýyň günbaryndaky Guandun welaýatynyň tehnologiýa merkezi bolan Şenžen şäherinde geçiriler.
Zenanlar — tehnologiýalaryň diňe bir passiw kabul edijileri däl. Olar tehnologiýalary döredýärler, tankytlaýarlar we ugrukdyrýarlar. Emeli aň algoritmleri ilatyň ýarysyny hasaba almazdan döredilen maglumatlar arkaly öwrenen wagtynda, ulgamda ýalňyşlyklaryň ýüze çykmasy gutulgysyzdyr. Şanhaýdaky forum diňe bir diplomatlaryň duşuşygy däl. Bu sanly dünýäniň düzgünlerini täzeden ýazmak üçin edilen synanyşykdyr. Zenanlar koda, maglumatlara we dolandyryşa çekmek synanyşygydyr. Sebäbi geljegiň ykdysadyýeti diňe bir güýç tarapyndan döredilse, ol adalatly bolmaz. Şanhaý başlangyjy bolsa — bu ýöne bir resminama däl. Bu “täzeden ýüklemek” üçin berlen arzadyr. Ýeke-täk sorag bolsa: haýsysy birinji ýetişer — tehnologiýamy ýa-da ynsanperwerlik?







