54 ýyl bulutlaryň üstünde. “Boeing” we Hytaý hyzmatdaşlygyň wagta tabyn bolmaýandygyny tassyklaýar.

Pekindäki duşuşyk, Hytaý bazaryna bolan ynam, asmandaky bilelikdäki geljek we hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Bu barada — Hytaýyň halkara söwdany ösdürmek geňeşiniň Başlygy Ren Hunbiniň “Boeing Global” kompaniýasynyň prezidenti Brendan Nelson bilen duşuşygy baradaky CCTV+ teleýaýlymynyň repotražynda.
Pekinde Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygynyň berkdigini ýene bir gezek tassyklaýan duşuşyk geçirildi. Hytaýyň halkara söwdany ösdürmek geňeşiniň Başlygy Ren Hunbin “Boeing Global” kompaniýasynyň prezidenti Brendan Nelson bilen duşuşdy. Nelsonyň sapary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň wekiliýetiniň düzüminde geçýär.
Hytaý özgerişleriniň şaýady we gatnaşyjysy Ren Hunbin “Boeing” kompaniýasyny hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdy. “Siz Hytaýyň açyklyk we özgeriş syýasatynyň tutuş prosesiniň şaýady bolduňyz we bu prosese goşant goşduňyz. Men geljekde Boeing kompaniýasynyň Hytaý bilen hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmegini dowam etdirjekdigine umyt bildirýärin” diýip, Ren aýtdy.
Brenedan Nelson bolsa kompaniýanyň Hytaý bazaryna ygrarlylygyny tassyklady. “Boeing Hytaý bilen hyzmatdaşlygyna örän buýsanýar. Bu 54 ýyl dowam edýän we wagta tabyn bolmaýan hyzmatdaşlykdyr” diýip, Nelson aýtdy.
Hytaý amerikan awiasiýa öndürijisi üçin esasy bazarlaryň biri bolup galýar. Bu gepleşik — özara ynanyşmagy berkitmek we täze ösüş nokatlaryny gözlemek üçin ýene bir ädimdir. Pekindäki duşuşyk şuny görkezdi: hiç zada garamazdan, dünýäniň iki iri ykdysadyýeti gepleşmäge we bilelikdäki geljegi gurmaga taýýar.
54 ýyl — bu tutuş bir ömür. Awiasiýa üçin bolsa birnäçe döwürdir. “Boeing” Hytaý bilen bilelikde ilkinji eltip bermelerden başlap, çuňňur tehnologik hyzmatdaşlygyna çenli uzak ýol geçdi. Häzirki wagtda iki tarap bilelikde ýene bir ugra garaýar. Ýokary — hakyky hyzmatdaşlygyň serhetlerini tanamaýan asmana garaýar. Duşuşygyň äheňine göra, olaryň bilelikdäki uçuşy indi başlaýar.







