Si Szinpin Täjigistanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada gepleşikler geçirdi

Sişenbe güni Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Täjigistanyň Prezidenti Emomaly Rahmon bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça gepleşikler geçirdi.
Si Szinpin Täjigistany Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we milli ösüşde gazanan uly üstünlikleri bilen gutlady.
Hytaý-täjik gatnaşyklarynyň esasynda özara goldawyň durýandygyny belläp, Si Szinpin daşarky ýagdaýlaryň üýtgeýändigine garamazdan, Hytaýyň we Täjigistanyň elmydama biri-birine goldaw berýän hoşniýetli goňşular, ak ýüreklilige we özara ynamlylyga eýe bolan hakyky dostlar hem-de bilelikde ösýän ygtybarly hyzmatdaşlar bolup galjakdygyny mälim etdi.
Hytaý bilen Täjigistanyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi iki ýurduň arasyndaky syýasy özara ynamyň ýokary derejesini doly subut eder hem-de Hytaý we Täjigistan dostlugynyň ebedi bolmagyna ygtybarly şert bolar diýip, Si Szinpin aýtdy.
Hytaý tarapy bitewi ykbal bilen has ýakyn hytaý-täjik jemgyýetini gurmaga ýardam bermek we iki ýurduň halklaryna has uly bähbitleri getirmek maksady bilen, Täjigistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy mälim etdi.
Si Szinpin Hytaýyň elmydama bolşy ýaly, Täjigistanyň öz milli şertlerine laýyk gelýän ösüş ýolunda ony goldajakdygyny, şeýle hem Täjigistana öz milli garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny goramakda ýardam berjekdigini nygtady.
Si Szinpin şu ýylyň Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň (2026-2030) başlangyjy bolup durýandygyny, şeýle hem Täjigistanyň 2030-njy ýyla çenli Täjigistan Respublikasynyň Milli ösüş strategiýasyny amala aşyrmak ýolunda uly ädimleri ädýändigini belledi.
Iki tarap hem “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň ýokary hilli bilelikdäki gurluşyny esas edinip, biri-biriniň ösüş strategiýalaryny çuňňur utgaşdyrmaly we degişli ösüş maksatlaryna ýetmäge öz goşantlaryny goşmaly diýip, Si Szinpin aýtdy.
Şeýle hem, iki ýurt ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini berkitmeli, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmaly we şol bir wagtyň özünde söwdanyň hem-de maýa goýumlarynyň gerimini we hilini ýokarlandyrmaly diýip, Si Szinpin belledi.
Möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, “ýaşyl” energetika, sanly ykdysadyýet, “akylly şäherler”, emeli aň we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem ylmy-tehniki innowasiýalaryň depginini güýçlendirmek zerurdyr diýip, HHR-iň Başlygy mälim etdi.
Si Szinpin Hytaýyň we Täjigistanyň ynsanperwer we medeni alyş-çalyşlary çuňlaşdyrmalydygyny, sebitara derejede hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny döretmelidigini hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmäge we dostluga ýardam bermelidigini aýtdy.
Şeýle hem ol sebit durnuklylygyny bilelikde saklamak üçin hukuk goraýjy edaralaryň işinde we howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň, şonuň bilen bir hatarda terrorçylyga, separatizme we ekstremizme garşy tutanýerli göreşmegiň zerurdygyny nygtady.
Hytaý Täjigistanyň Halkara araçylyk guramasyna agza bolmagy bilen gutlaýar we hakyky köptaraplylygy iş ýüzünde ulanmak hem-de has adalatly we paýhasly ählumumy dolandyryş ulgamynyň gurluşygyna ýardam bermek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we “Hytaý – Merkezi Aziýa” mehanizminiň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyr diýip, Başlyk Si Szinpin mälim etdi.
Prezident Emomali Rahmon öz gezeginde Täjigistan bilen Hytaýyň arasyndaky täze eýýamdaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşýandygyny we ösýändigini, söwda, maýa goýumlary, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňat netijeler berýändigini, iri taslamalaryň şowlulyk bilen durmuşa geçirilýändigini, ynsanperwer we medeni alyş-çalyşlaryň bolsa has-da ýygjamlaşyp, iki ýurduň halklaryna bähbit getirýändigini belledi.
Täjigistan bilen Hytaýyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze taryhy tapgyry alamatlandyrýar we iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkimçilikleri açar diýip, Emomali Rahmon aýtdy.
Taýwanyň Hytaýyň aýrylmaz bölegididigini belläp, Emomali Rahmon Täjigistanyň «bir Hytaý» ýörelgesine berk eýerýändigini mälim etdi.
Täjik tarapy mineral serişdeler, emeli aň, ylmy-tehniki innowasiýalar we beýleki esasy ugurlarda Hytaý bilen amaly hyzmatdaşlygy berkitmäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin hünärmenleriň alyş-çalyşygyna ýardam bermäge we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge bil baglaýar diýip, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon mälim etdi.
Ol Başlyk Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen Ählumumy dolandyryş başlangyjynyň bütin dünýä üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Täjik tarapy Hytaýyň halkara meselelerini syýasy ýol bilen çözmek ugrundaky yzygiderli tagallalaryna we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy durnuklaşdyrmakda eýeleýän möhüm ornuna ýokary baha berýär.
Onuň ýurdy Hytaý bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge we sebit durnuklylygyny saklamak maksady bilen terrorçylyga, separatizme, ekstremizme hem-de transmilli jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmäge taýýardyr diýip, Emomali Rahmon aýtdy.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça iki döwletiň Baştutanlary Hytaý bilen Täjigistanyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk hem-de täze eýýamda Hytaý bilen Täjigistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Iki döwletiň Baştutanlary syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar, ykdysady we söwda maýa goýumlary, emeli aň, ekologiýa taýdan arassa peýdaly gazyndylar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk baradaky 10-dan gowrak resminama gol çekilmegine şaýat boldular.
Emomali Rahmonyň saparynyň dowamynda taraplar oba hojalygy, medeniýet, bilim, ýaşaýyş jaý gurluşygy, barlag we karantin, şeýle hem bazara gözegçilik ýaly pudaklarda 10-dan gowrak hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekdiler.
Si Szinpiniň çakylygy boýunça Emomali Rahmon 11-14-nji maý aralygynda Hytaýda döwlet sapary bilen bolýar.







