Hytaý maglumat merkezlerini orbita çykarýar we robotlara ýöremegi öwredýär. Geljege tarap öňedişligiň aňyrsynda näme dur?

Maý 13, 2026 | 19:45 |70
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Kosmos hasaplamalary, adam şekilli robotlar, wodorod ulaglary we 193 sany klasterde 54 müň innowasion kompaniýa

Bu barada — Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň maglumatynda (2026-njy ýylyň 13-nji maýy).

Ýylyň başyndan bäri Hytaý özüniň geljekki senagat pudaklarynyň gurluşyny kämilleşdirmek boýunça tagallalaryny işjeňleşdirdi. Ýurt döwrebap robototehnikadan başlap, orbita maglumatlaryny gaýtadan işleýän merkezlerine çenli öňdebaryjy tehnologiýalarda ösüşleri çaltlandyrýar.

2026-njy ýylda tutuş ýurt boýunça birnäçe ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar. Pekinde ýurduň ilkinji innowasion kosmos hasaplamalary merkezini döretmäge taýýarlyk görülýär. Bu merkeziň ylmy-barlag ugurlary ýerdäki maglumaty gaýtdan işleýän merkezlerini kem-kemden kosmosa geçirmäge gönükdiriler. Maksat — maglumatlaryň orbitada ýygnalmagyny, işlenilmegini we çykarylmagyny üpjün etmekdir. Şunlukda, Hytaý şu ýyl kosmos hasaplamalary senagatynyň ekoulgamyny kämilleşdirmek we ösüşini çaltlandyrmak boýunça meýilnamalaryny hödürledi.

Şanhaýda bolsa adam şekilli robotlaryň düzüm bölekleri üçin dünýäde ilkinji synag meýdançasy kemala gelýär. Düzüm bölekleriniň bäş topary, şol sanda reduktorlar üçin kiçi göwrümli synag önümçilik ugurlary döredildi. Meýdança barlag we tassyklama boýunça 72 sany hyzmaty hödürleýär. Bu bolsa adam şekilli robotlary işläp düzmegiň çylşyrymlylyk derejesini ep-esli peseldýär.

2026-nji ýylyň başyndan bäri Hytaý “açyk bäsleşik” mehanizminiň çäklerinde geljekki senagat pudaklary üçin 100-den gowrak innowasion we ylmy-barlag wezipelerini işe girizdi. Esasy üns — umumy emeli aňa, kwant tehnologiýalaryna, atom derejesindäki önümçilige we arassa pes uglerodly wodorod energetikasyna gönükdirilendir. Ulanylyşyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Artykmaçlyk berilýän pudaklarda önümçilik innowasiýalary merkezleri we synag meýdançalary döredildi. Bularyň ählisi — öňdebaryjy tehnologiýalaryň barlaghanalardan önümçilige ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak üçindir.

Ösüşiň depgini arassa energiýa pudagynda hem aýdyň görünýär. Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda şäher köçelerinde köpçülikleýin ulanylýan wodorod welosipedleri peýda boldy. Logistika ugurlarynda wodorod ýangyjy bilen işleýän 15 müňden gowrak agyr ýük awtoulaglary işleýär. Ýerli häkimiýetler, şeýle hem, welaýatlaryň arasynda birnäçe wodorod logistika geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýärler.

Şu ösüşi dowam etdirmek üçin Hytaý şu ýyl esasy pudaklarda kärhanalaryny hem-de ýöriteleşdirilen, ýokary tehnologiýaly kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň köp derejeli ulgamyny ornaşdyrar. Şeýle-de ýurt ýerli senagat artykmaçlyklaryna esaslanýan geljekki pudaklaryň synag zolaklaryny ösdürer. Şu güne çenli ýurt boýunça 54 müňe golaý innowasion kärhana 193 sany innowasion senagat klasterlerinde ýerleşdirildi.

Hytaý serwerleri kosmosa geçirýär, robotlara duýmagy öwredýär we müňlerçe wodorod ýük ulaglaryny ýola çykarýar. Bu futurologiýa (geljek baradaky ylym) däl. Bu — birinji ýarym ýylyň hasabaty. Mesele geljegiň bolup-bolmajakdygynda däl. Ol eýýäm şu ýerde. Esasy mesele — başgalaryň düýnki gün barada jedel edýän wagtynda, bu täze dünýäde kimleriň öz ornuny eýeläp ýetişjekdigidir.

Beýleki habarlar