Hytaý daşary ýurtly syýahatçylary çekmek üçin 10 şähere maliýe goldawyny berer

Hytaýda merkezi hökümet tarapyndan maliýeleşdirilmäge niýetlenen ýene 10 sany şäher saýlanyp alyndy. Munuň esasynda bu şäherlere syýahat etmäge gelýän daşary ýurtly raýatlar üçin amatly söwda gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Maliýe we Söwda ministrlikleriniň 20-nji noýabrda beren habarynda 10 sany şäher, ýagny Nansin, Hanžhou, Siamen, Sindao, Wuhan, Çanşa, Şençžen, Çendu, Kunmin, Sian şäherleri merkezi hökümetden maliýe goldawlaryny alar diýlip aýdylýar.
Bu täze yglan edilen şäherler 2021-nji ýylyň iýulynda badalga berlen başlangyçda tassyklanan, Hytaýyň syýahatçylyk üçin meşhur bolan Pekin, Şanhaý, Guanžou, Tiansin we Çunsin şäherleriniň hataryna goşular.
Iki ýylyň dowamynda merkezi hökümet tarapyndan şäherleriň her birine beriljek maliýe goldawynyň möçberi 100 million ýuandan (takmynan 14 million ABŞ dollary) 200 million ýuan aralygynda bolar.
Bu başlangyç şäherlere gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin amatly söwda gurşawyny döretmek hem-de olaryň sarp edijiligini ýokarlandyrmak baradaky tagallalarynyň bir bölegidir.







