Nantunda dünýäde ilkinji iki görnüşli ýangyç bilen işleýän metanol konteýner daşaýjysynyň gurluşygy tamamlandy

Anna güni Hytaýyň gündogaryndaky Szýansu welaýatynyň Nantun şäherinde dünýäde ilkinji gezek iki görnüşli ýangyç bilen işleýän metanol konteýner daşaýjysynyň gurluşygy tamamlandy.
Geljekki operatory bolan Orient Overseas Container Line kompaniýasynyň hormatyna «OOCL Wisdom» diýlip atlandyrylan gäminiň uzynlygy takmynan 400 metr, ini bolsa 60 metrdan gowrakdyr. Gämi 24 168 standart TEU konteýnerini daşamaga ukyply bolup, onuň umumy sygymy 225 müň tonna deňdir.
Gämide göwrümi 14 300 kub metr bolan ýangyç gaby bilen dünýäde iň uly iki ýangyçly metanol üpjünçilik ulgamy oturdyldy. Bu ulgam gämä 15 müň deňiz miline çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gämi Aziýadan Ýewropanyň iň uzak sebitlerine çenli ýüzüp biler. Şeýle hem ulgam metanol bilen adaty ýangyjyň arasynda çeýe geçiş etmäge mümkinçilik berýär.
Metanol bilen işlenende kükürt oksidleriniň we gaty bölejikleriň zyňyndysy doly diýen ýaly ýok edilýär, azot oksidleriniň zyňyndysy 30–50 göterim azalýar, kömürturşy gazynyň zyňyndysy bolsa her gämi üçin ýylda 150 müň tonna çenli kemeldilýär.
Ady dakmak dabarasyndan soň gämi deňiz synaglaryna başlar, resmi taýdan sargyt edijä tabşyrmak bolsa iýun aýyna meýilleşdirilýär.







