Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda akyldar şahyr Magtymguly baradaky filmiň ilkinji görkezilişi bolar
8-nji iýulda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda türkmen kinorežissýory Arslan Eýeberdiýewiň düşüren “Istärin” atly täze çeper filminiň ilkinji gezek görkezilişi bolar. Şondan biraz soň bolsa, kinofilm türkmen milli telewideniýesiniň ýaýlymlarynda görkeziler.